turki-dowletleri-guramasyny-maksatnamasy-we-asulylar-ge-esini-roly-atly-c

"Türki Döwletleriň Guramasynyň Maksatnamasy we Ýaşulylar Geňeşiniň roly" atly çäre Stambul şäherinde geçirildi

Türki Döwletleriñ Guramasynyñ Ýaşulylar Geñeşiniñ başlygy Binali Ýyldyrym çärede eden çykyşynda Gurmanayñ maksadynyñ hiç kimi gorkuzmak bolmadygyny belläp “ ýöne hiç kimden gorkmaýandygymyzy görkezmekde hem ygrarlydyrys. Sebitiñ durnuklulygy, asudalygy we howpsuzlygy üçin bilelikde işleşmäge dowam ederis”-diýdi.

24 Mayıs 2022 16:37

"Türki Döwletleriň Guramasynyň Maksatnamasy we Ýaşulylar Geňeşiniň roly" atly çärede çykyş eden Türki döwletleriñ guramasynyñ Ýaşulylar Geñeşiniñ başlygy Binali Ýyldyrym, Türki döwletlerinde jemi 170 million, başga döwletlerde ýaşaýan Türkler sanalanda takmynan 300 million ilatyñ bolandygyna ünsi çekip bu mukdaryñ dünýäniñ ilat sanynyñ 2 göterimine gabat gelýändigini aýtdy.

Türki döwletleriniň guramasyna agza ýurtlaryň ýyllyk jemi önüminiň 1,5 trillion dollardygyny nygtan Binali Ýyldyrym, bu mukdaryñ dünýäde 13-nji uly ykdysadyýetdigini aýtdy.

Binaly Ýyldyrym orta möhlete Guramanyñ maksatnamasynyñ, türk döwletleriniň guramasyna agza ýurtlaryň bu söwda göwrüminden paýyny 140 milliard dollara çenli artdyrmakdygyny aýtdy.

Şwesiýa we Finlandiýanyñ NATO agzalygy barasynda Binaly Ýyldyrym: “ Howpsuzlyk aladalary bilen Skandinawiýa ýurtlaryny NATO-a girizmäge synanyşýarlar. Türkiýäniñ howpsuzlyk aladalary doly kanagatlandyrylman Şwesiýa we Finlandiýanyñ NATO agzalygyna Türkiýe ýol bermez”-diýdi.

Binaly Ýyldyrym, Türki döwletleriñ guramasynyn düzüminde 7 döwletiñ orun alýandygyny  belläp Özbegistanda geçiriljek liderler sammitinde Türkmenistanyñ guramanyñ doly agzasy bolmagyny tama edýändiklerini aýtdy.

Binali Ýyldyrym,” Guramanyñ düzüminde bir döwlet kem. Ol hem Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy. DKTR-nyñ köp ýyldan bäri duçar galýan halkara derejede goýlan çäklendirmeler, embargolar we izolasiýalara garşy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda bolşy ýaly iñ bolmanda Türki döwletleriñ guramasynyñ synçy döwleti bolup orun almagyny maksatlaýarys. DKTR-niñ sebitleýin we halkara guramalarda adalatsyzlyga duçar galmagynyñ soñlanmagyny tama edýäris”-diýdi.

Binali Ýyldyrym, Türki döwletleriñ guramasynyñ maksatnamasy barasynda bolsa:” Türki döwletleriniñ guramasynyñ maksady hiç kimi gorkuzmak däl ýöne hiç kimden gorkmaýandygymyzy hem görkezmekde ygrarlydyrys. Sebitiñ durnuklulygy, asudalygy we howpsuzlygy üçin bilelikde işleşmäge dowam ederis”-diýdi.

Habarlar