turki-dowletleri-guramasyny-metbugat-we-maglumat-gullugyndan-jogapk-r-ministrl

Türki döwletleriň guramasynyň metbugat we maglumat gullugyndan jogapkär ministrleriň we ýokary wezipeli resmileriñ IV maslahaty Stambulda geçirildi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun maslahatda eden çykyşynda, dünýäde soñky ýyllarda baş beren wakalaryñ Türki Bileleşigiñ nädereje möhüm bolandygyny bize görkezýär diýdi.

14 Mayıs 2022 23:05

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň ýer eýeçiliginde Türki döwletleriň guramasynyň metbugat we maglumat gullugyndan jogapkär ministrleriň we ýokary wezipeli resmileriñ IV maslahaty Stambulda geçirildi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun maslahatda eden çykyşynda,”Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ aýdyşy ýaly Türki döwletleriñ guramasy şol bir wagtyñ özünde uly köñül jebisligidir. Bu köñül jebisligi syýasatdan ykdysadyýete, sungatdan metbugata, bilimden medeniýete  ähli ugurlarda guruljak täze köprüler bilen hasam güýçli bolar”-diýdi.

Maslahatda Türki döwletleriñ guramasyna agza ýurtlaryñ arasynda metbugat, aragatnaşyk we maglumat pudaklarynda umumy ýol kartasy, umumy gadamlar we täze iş mümkünçilikleri bilen bir hatarda sosial mediýada dezinformasiýa garşy göreş ara alynar.

Maslahatyñ çäginde Türki döwletleriň guramasynyň metbugat we maglumat gullugyndan jogapkär ministrleriň we ýokary wezipeli resmileriñ IV maslahaty üçin täze gerb döredildi.

Gerbiň ortasyndaky ýyldyz ata-baba ýurduny alamatlandyrýar. Gerbiň töweregindäki tolkunlar bolsa Ogyzhan dessanynda  beýan edilişi ýaly dünýäniñ çar künjegine ýaýran türk taýpalaryny añladýar.

Gerbiň reňkleri bolsa Türki döwletleriň guramasynyň agza  ,we synçy ýurtlarynyň  döwlet baýdaklarynyň umumy reñkleri bilen kesgitlendi.

Habarlar