turki-dowletleri-guramasyny-metbugat-we-maglumat-gullugyndan-jogapk-r-ministrl

Türki döwletleriň guramasynyň metbugat we maglumat gullugyndan jogapkär ministrleriň we ýokary wezipeli resmileriñ IV maslahatynda ýaýlym pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň ýer eýeçiliginde Türki döwletleriň guramasynyň metbugat we maglumat gullugyndan jogapkär ministrleriň we ýokary wezipeli resmileriñ IV maslahaty, tematiki paneller bilen dowam edýär.

14 Mayıs 2022 23:30

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň metbugat koordinatory Müjahid Eker tarapyndan dolandyrylan "Türki dünýäsiniň umumy geljegi nukdaýnazaryndan ýaýlymda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri" atly panel gurnaldy.

Eker, Türki döwletleriñ guramasy bilen agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň özenini düzýän metbugat we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin işleýän köp sanly mehanizmiň bardygyny aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Howpsuzlyk we Daşary syýasat komitetiniň agzasy Prof. Dr. Aýgün Attar, akademiýa we jemgyýetçilik ugurlarynda 1990-njy ýyldan soň garaşsyzlygyny yglan eden türki döwletleri üçin köp platforma döredilendigini aýtdy.

TRT Awaz teleýaýlymyñ koordinatory Sedat Sagyrkaýa, Türki dünýäsine hyzmat üçin şular ýaly maslahatlaryñ gurnalmagynyñ örän möhim bolandygyny nygtap: “ Düñyäde deñagramlylygyñ üýtgemegi Türki dünýäsiniñ has güýçli gatnaşyk gurmagyny zerur edýär. Milli özboluşlylygy gorap saklamak we berkitmek üçin türk medeniýetine has uly ähmiýet berilmelidir. TRT Awaz teleýaýlymy bu maksat ugrunda köp sanda meýilnamalar we taslamalar durmuşa geçirýär. Türki dünýäsine mahsus medeni, sungat, syýasy we ykdysady ösüşlere orun berýän ýeke-täk teleýaýlym bolup  ýaýlym durmuşymyzy dowam etdirýäris.”-diýdi.

Gazagystanyň radio we telewideniýe korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ilhamzhan Ibgragimow, Gyrgyzystanyň maglumat syýasaty müdirliginiň ygtyýarnama gözegçilik bölüminiň başlygy Bektur Ibragimow we Özbegistan milli telewideniýe we radio guramasynyñ halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Laziz Djuraýew ýurtlarynda köpçülikleýin ýaýlym pudagynda alynyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Habarlar