turki-dowletleri-guramasyny-sammitini-samarkant-jarnamasy-kabul-edildi

Türki döwletleriñ guramasynyñ sammitiniñ Samarkant Jarnamasy kabul edildi

Sammitiñ netijesi boýunça guramanyñ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da giñeltmäge gönükdirilen Türki döwletleriñ guramasynyñ sammitiniñ Samarkant Jarnamasy kabul edildi.

12 Kasım 2022 23:10

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy 11-nji noýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Samarkant şäherinde geçirildi. Duşuşygyň mowzugy “Türki medeniýeti üçin täze döwür: bilelikdäki galkynyşa we ösüşe tarap” diýen şygar bilen başlady.

TDG-nyň sammitine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gatnaşdylar.

Şeýle hem Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň (TURKPA), Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň we bu köptaraplaýyn gurluşyň sekretariatynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şu gezekki sammitiň çäklerinde syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara baglanyşygy pugtalandyrmak, syýahatçylyk, energetika we oba hojalyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy. Ylym, bilim, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Türk döwletleri guramasyna synçy agza hökmünde kabul edildi.

Mejlise gatnaşyjylar çykyşlarynda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurtlarymyzyň diňe bir öz ösüşiniň bähbidine däl, eýsem, tutuş dünýäde we halkara işlerde durnuklylygy gazanmak üçin hem şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga ukyplydyklaryna ynam bildirdiler. Bu ynam köp babatda köpasyrlyk tejribe, biziň ýakynlygymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň durnuklylygy we mizemezligi bilen şertlendirilendir.

Özbegistanyň Prezidenti her ýyl Halkara Türk Ykdysady Forumyny, şol sanda forumyň çäginde “döwlet we işewürlik” görnüşinde bilelikdäki çäreleri, telekeçileriň ýygnaklaryny we tegelek stollary geçirmegi, şeýle hem amaly netije berjek innowasion taslamalaryň we sergileriň görkezilmegini teklip etdi.

Sammitiň gün tertibiniň dowamynda strategiki ähmiýete eýe bolan ulag pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew TDG-nyň agza ýurtlary Owganystanyň parahatçylygynyň ýola goýulmagyna we ykdysady taýdan dikelmegine goşant goşmalydygyny nygtady.

Mundan başga-da, Sammitde syýasat we howpsuzlyk, söwda we maýa goýumlary, ulag, oba hojalygy, energiýa, maglumat tehnologiýasy, syýahatçylyk, innowasiýa we bilim, lukmançylyk, ýaşlar we beýlekilerde ministrlik derejesinde aýratyn komitetleri döretmegiň zerurlygyna ünsi çekildi.

Mejlisiň jemleri boýunça guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen Samarkant Jarnamasy kabul edildi.

Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine Kubanyçbek Omuraliýewiň dalaşgärligini tassyklamak baradaky çözgüt kabul edildi.

Habarlar