turki-dowletleri-ombudsmenler-bilelesigi-doredildi

Türki döwletleriñ Ombudsmenler Bileleşigi döredildi

Türkiýe Ombudsmen Guramasynyñ ýer eýeçiliginde Bursa şäherinde Türki döwletleriñ arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Ombudsmenler Bileleşigi döredildi.

13 Mayıs 2022 15:38

Açylyş dabarada Türki döwletleriñ guramasynyñ Ýaşulylar Geñeşiñ başlygy Binali Ýyldyrym eden çykyşynda Türkiýede 9 ýyl ozal döredilen Ombusmen guramasynyñ maksadynyñ raýatlary goramak bolandygyny aýtdy.

Binali Ýyldyrym, “Türki döwletleriñ guramasynyñ düzüminde DKTR-niñ orun almagynyñ köp ýyldan bäri hukuklary basgalanýan we gabaw astynda galýan Kiprli Türkler üçin örän uly gadam bolandygyny nygtap 2022-nji ýylyñ noýabr aýynda Özbegistanda geçiriljek liderler sammitinde DKTR-niñ synçy döwlet statusynda guramanyñ düzüminde orun aljakdygyny habar berdi.

Binali Ýyldyrym, “ Türki döwletleriniñ guramasynyñ maksady haýsydyr bir döwleti gorkuzmak däl. Maksady sebitde parahatçylygyñ hökmürowan bolmagyny üpjün etmek, umumy gymmatlyklarymyza eýe çykmajk Türki dünýäsi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr”-diýdi.

Türk ombudsmeni Şeref Malkoç eden çykyşynda Türki dünýäsi üçin Bursa şäheriniñ uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp: “ Bursa, Türki dünýäsi bilen birleşýän şäher. Bu sebäpdenem Türki döwletleriñ Ombudsmenler Bileleşigini bu şäherde döretmäge karar berdik.”-diýdi.

Türki döwletleriñ guramasynyñ baş sekretarynyñ orunbasary Mirwokhid Azimow, Azerbaýjan ombudsmeni Sabina Aliýewa, DKTR-niñ ombudsmeni Ilkan Warol, Gazagystan adam hukuklary boýunça ýokary komisary Elwira Azimowa, Gyrgyzystan ombudsmeni Atyr Abdrahmatowa we Özbegistan ombudsmeni Feruza Eşmatowa açylyş dabarada çykyş etdiler.

Edilen çykyşlardan soñ gurama agza ýurtlaryñ wekilleriniñ bilelikdäki gol çekiliş dabarasy bilen “ Türki döwletleriñ Ombudsmenler Bileleşigi” döredildi.

Habarlar