09 Şubat 2022 14:35
Stambul şäherinde geçirilýän Türki döwletleriñ XII Ýaşulylar Geñeşiñ maslahatynda çykyş eden Binaly Ýyldyrym, Stambul şäherinde geçirilen VIII Türki döwletleriñ liderler sammitinde, döwlet ýolbaşçylarynyñ taryhy kararlar kabul edendiklerini şol kararlaryñ biriniñ bolsa Ýaşulylar Geñeşini döretmek bolandygyny aýtdy. Bu kararyñ kabul edilmegi bilen Ýaşulylar Geñeşiñ resminamasynyñ täzelenendigini we gurluşygynyñ hasam güýçlendirilendigini nygtan Binaly Ýyldyrym bu ugurda uly tagalla eden baş sekretar Bagdat Amreýew we iş ýoldaşlaryna sagbolsun aýtdy.
Ýaşulylar Geñeşiñ täze gurluşygy bilen durmuşa geçiriljek uly taslamalara has köp goşant goşjagyny tama edýändigini nygtan Binaly Ýyldyrym:” Türki döwletleriñ guramasy günsaýyn hasam ulalýar we güýçlenýär. Boýnuna alýan jogapkärçiligi günsaýyn köpelýär. Günsaýyn sebitde we dünýäde uly gurama öwrüldi. Bu sebäpdenem Ýaşulylar Geñeşiñ jogapkärçiligi hem köpelýär. Biz ýaşulylar bolup kabul etjek kararlarymyz, berjek öwüt-nesihatlarymyz bilen guramanyñ hasam ösmegine we alyp barýan işlerine goşant goşmagy maksatlaýarys.”-diýdi.
Binaly Ýyldyrym:” şugünki maslahatda Ýaşulylar Geñeşi bolup nämeler edip biljekdigimizi giñişleýin ara alarys. VIII Stambul sammitinde 2040 maksatnamasy kabul edildi. 2040 maksatnamañ düzüminde 5 ýyllyk iş we strategik meýilnamalar bar. Bu meýilnamalaryñ çäginde köp sanda çäre gurnalar, hasabatlar taýarlanar, agza döwletleriñ arasynda söwda, ykdysady, kommunikasiýa, transport, infrastruktura we medeni ugurlar ýaly köp ugurda hyzmatdaşlyk ösdürüler.”-diýdi.
Türki döwletleriñ guramasynyñ baş sekretary Bagdat Amreýew Stambul sammitiñ çäginde 2021-nji ýylyñ 11-nji noýabrynda kabul edilen täze Ýaşulylar Geñeşi resminamasy bilen geñeşiñ başlygy wezipesine bellenen Binaly Ýyldyrymy gutlady.
2021-nji ýylyñ 12-nji noýabrda Türki döwletleriniň guramasynyň VIII sammitiniň Türki döwletleriñ ähli liderleriniň gatnaşmagynda Stambulda geçirilendigini ýatladýan Amreýew, bu sammitiň agza döwletleriň hasam ýakynlaşmagy üçin täze döwre girilen möhüm öwrülşik nokady bolandygyny aýtdy.
Doganlyk ýurt Türkmenistanyñ guramanyñ synçy agzasy bolmagy bilen ähli garaşsyz türki döwletleriñ bir üçegiñ astynda jemlenişendigini nygtan Amreýew:” mundan beýläk Türki dünýäsi bir bütin hökmünde kabul edilýär. Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti hormatly Ilham Aliýew, Azerbaýjan topraklaryny basyp alyşlykdan azat edip gazanan taryhy ýeñişi mynasybetli “ Türki dünýäsi Ali nyşany” bilen sylaglandy. Sammitiñ çäginde kabul edilen iñ esasy karar bolsa “ Türki Geñeşi” adynyñ “ Türki döwletleriñ guramasy” hökmünde üýtgedilmegi boldy. Bu karar guramamyzyñ hakyky güýjüniñ ýüze çykmagyna we halkara derejede rolunyñ hasam güýçlenmegine goşant goşar.”-diýdi.
Bagdat Amreýew: “ Täze gurluşy we başlygynyñ işjeň roly bilen Ýaşulylar Geñeşi agza döwletleriň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk we integrasiýa tapgyrlaryna has işjeň gatnaşar we ýol görkeziji rol oýnar. Geňeşiň her agzasy dürli ugurlarda örän çuňňur tejribä eýe bolup köp ýyllap hökümet we döwlet edaralarynda işledi. Şonuň üçinem bu uly potensialy maksatlarymyz we guramamyzyñ hyzmatdaşlyk taslamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin ulanmalydyrys.”-diýdi.
Türk maýagoýum gaznasynyñ dörediljekdigini habar beren Amreýew: “ bir miliard dolar gymmatyna eýe bolan gazna, 500 million dolar möçberde agza döwletleriñ paýlary we 500 million dolar daşarky çeşmelerden emele geler. Bu gazna, elbetde, işewür toparlarymyz üçin netijeli hyzmatdaşlyk etmek we kiçi göwrümli kärhanalarymyzy hasam güýçlendirmek üçin möhüm mümkinçilikleri döreder. Başga bir esasy enjamymyz bolsa hyzmatlary we maýagoýumllary öz içine alýan erkin söwda ähtnamasydyr.”-diýdi.
Türki döwletleriñ guramasynyñ IX sammitiniñ 2022-nji ýylyñ 11-nji noýabrynda Özbegistanda geçiriljekdigini habar beren Amreýew, 2022-nji ýylda Azerbaýjanda resmi bolmaýan sammitiñ we Wengriýada W4 bilen Türki döwletleri guramasynyñ liderleriniñ sammitiniñ gurnaljakdygyny aýtdy.
Ýaşulylar geñeşiñ maslahaty metbugata ýapyk häsiýetde dowam edýär.