turki-dun-si-parlamentar-bilelesigini-baslygy-nail-celebi-gazagystanda-bas-ber

Türki Dünýäsi Parlamentar Bileleşiginiň başlygy Nail Çelebi Gazagystanda baş berýän wakalar barasynda beýanat berdi

Türki dünýäsi Parlamentar Bileleşiginiň başlygy Nail Çelebi Gazagystanda baş berýän wakalaryň gysga wagtda soñlanmagyny, adaty durmuşyň kadaly ýagdaýa gelmegini we terroristleriň kazyýetiñ öñüne çykarylmagyny garaşýandyklaryny aýtdy.

07 Ocak 2022 18:47

Türki dünýäsi Parlamentar Bileleşiginiň başlygy Nail Çelebi beren ýazmaça beýanatynda, Türki dünýäsi Parlamentar Bileleşigi bolup Gazagystanda tebigy gazyñ nyrhynyñ ýokarlandyrylmagyna garşylyk görkezmek üçin başlan protest ýörişlerden soñ baş beren wakalardan gynanç duýulýandygy belledi.

Beýannamada, bu wakalaryñ şäher merkezlerinde ýaýramagy, ýaragly çaknyşyklara öwrülmegi, döwlet edara we guramalaryñ binalarynyñ basyp alynmagy we dukanlaryñ talanmagy bilen tutuş ýurtda ýaýran terrorçylykly aksiýalaryñ Türkiýe we Gazagystan arasynda hemme ugurda hyzmatdaşlygyñ, raýdaşlygyñ, strategik şärikligiñ ösmäge, Türki döwletleriñ guramasynyñ döredilmegi, Merkezi Aziýa we Kawkaslarda 5 ýurduñ birleşip başlan bir döwrüne gabat gelmeginiñ tötänleýin bolmadygyna ünsi çekildi.

Beýannamada: “ Doganlyk Gazagystanda baş berýän wakalaryñ gysga wagtda soñlanmagyna, adaty durmuşyň kadaly ýagdaýa gelmegine we terroristleriň kazyýetiñ öñüne çykarylmagyna garaşýarys. Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agza ýurtlaryň esgerleriniň wezipelerini ýerine ýetirip, ýurtlaryna dolanmagyna garaşýarys”-diýildi.

Beýannamada, wakada ýogalan adamlar üçin gynanç bildirildi, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary dilendi we “Biz ähli ýagdaýda  doganlyk Gazagystan halkynyñ we döwletiň ýanynda durarys "-diýildi.

Habarlar