turki-dun-sini-be-ik-alymy-we-dowlet-isg-ri-usup-has-hajyb-balasagunly

Türki dünýäsiniñ beýik alymy we döwlet işgäri: Ýusup Has Hajyb Balasagunly

Ýusup Has Hajyb Balasagunlynyñ “Kutadgu Bilig” eserinde, türkleriň däp-dessurlary we döwlet dolandyryşy barada möhüm maglumatlar berilýär.

11 Mart 2022 22:53

Ýusup Has Hajybyñ 1017-1019-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyñ serhedinde ýerleşýän Balasagun şäherinde dünýä inendigi rowaýat edilýär.

Başlangyç bilimini Balasagunda aldy, Garahanly döwletiniñ hyzmatyna girdi we “ Has Hajyb” lakamyny almazdan ozal “Balasagunly Ýusup” diýip tanalýardy.

Arap we pars dilini bilen Ýusup Has Hajyb 1077-nji ýylda Kaşgarda dünýeden ötdi we kümmeti bu şäherde orun alýar.

Ku­tad­gu Bi­lig

“Bagt paýlaýjy ylym”, “Döwleti dolandyryş ylmy” diýen manylary aňladýan bu eser, Türki dünýäsiniñ edebi gymmatlygyna öwrüldi.

Ýusup Has Hajybyň ýaşan Garahanly döwleti Orta Aziýada gurlan beýik döwlet bolupdyr. Garahanlylar döwründe Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugatit-türk» eseri bilen birlikde ylmy çeşmelerden biri bolan «Kutadgu Bilig» möhüm ähmiýete eýedir.

XI asyryň ikinji ýarymynda ýazylan «Kutadgu Bilig» dünýä edebiýatynyň taryhynda gadymylygy bilen ünsi özüne çekýär. Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» eserinde Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserindäki ýaly döwleti dolandyrmak üçin hökümdarlara mahsus häsiýetler nygtalýar.

Garahanly döwletinde ýokary wezipeli döwlet işgäri bolan Ýusup Balasagunly «Kutadgu Bilig» eserinde Sokrat, Platon (Eflatun) ýa­ly ga­dy­my grek akyl­dar­la­ry­nyň, Ibn Sina, Faraby ýaly türkmen alymlarynyň jemgyýet, döwlet baradaky garaýyşlaryny özboluşly ösdüripdir. Ol: «Halky we döwleti dolandyrmagyň ýeke-täk maksady adalat bolmalydyr, hökümdar adalatly kanunlar goýup, jemgyýeti adalat bilen dolandyrmalydyr» diýen pikirleri öňe sürüpdir.

Ýusup Has Hajyb öz döwrüniň görnükli alymlarynyň biri bolmak bilen, ol hytaý, hindi we musulman pelsepe ýörelgelerinden gowy baş çykarypdyr. «Kutadgu Bilig» şol döwrüň goňşy edebiýatlarynyň nusgalaryny hem şöhlelendirýär.

Eserde ahlak we syýasat ulgamy, esasan, dört ýörelgä esaslanýar: bilim, hereket, adalat, hökümdarlyk. Ýusup Balasagunlynyň eserinde duş gelinýän ilkinji ýörelge bilimdir. «Kutadgu Bilig» eserinde jemgyýet we syýasat bilen baglanyşykly ahlak kadalarda ýa-da şahsyýetler bilen baglanyşykly ahlak düşünjelerde bilimiň orny düşündirilýär.

Ýusup Balasagunly «Kutadgu Bilig» eserinde: «Bilim iň belent paýhasdyr, oňa baha kesip bolmaz, bilim adamzadyň iň ýokary derejesi we güýjüdir, bilim akyl bilen öwrenilýär» diýen garaýyşlary öňe sürüpdir. «Dil Taňrynyň adamzada bagyş eden iň gymmatly sowgadydyr, her bir ynsan dili gowy ulanmagy başarmalydyr, bilimiň daýanjy dildir, adam dünýeden ötse-de, sözi galar» diýen pikirler eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Söz ussadynyň nygtaýşy ýaly, ýagşylyk, ynsanperwerlik iň belent mertebedir. Muňa ýagşylyk etmek, günäsini ötmek, beren sözüňi tutmak ýaly zatlar girýär. Adamyň eden ýagşylygy mydamalyk ýatda galýar.

Ýusup Balasagunly bilimi ähli zatdan ýokary tutýar. Ol adamlaryň aýratynlygyny bilim bilen baglanyşdyrýar. «Bilim al, adam bol, mertebäňi beýgelt!» diýip nygtaýar. Ýusup Has Hajyb eserinde: «Bilimiň saýasynda dünýäde erbetlikler azalar» diýip nygtaýar.

«Kutadgu Bilig» eseriniň ýazylmagynyň esasy maksady, XI asyrdaky ahlak, syýasat we döwlet dolandyryşyndaky dowam edip gelýän umumy garaýyşlary we pikirleri bir kitapda jemläp, olary özünden soňky nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Umuman, Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» atly eseri edebi-çeperçilik, many-mazmun taýdan uly ähmiýete eýe bolup, döredilen wagtyndan bäri ençeme ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, adamzadyň durmuş ýoluna nur saçyp gelýär.

Habarlar