turki-dun-sini-cagalary-bursa-s-herinde-dususdy

Türki dünýäsiniñ çagalary Bursa şäherinde duşuşdy

Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty bolan Bursada dünýäniñ çar künjeginden gelen çagalaryñ gatnaşmagynda festiwal gurnaldy.

26 Haziran 2022 21:59

Bursa şäher häkimligi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada  Botanika seýilgähinde gurnalan Türki dünýäsi çagalar festiwalynda Azerbaýjan, Uýgur,Gyrgyz, Gagauz we Türkmen çagalary halk tanslary, aýdymlar we şygyrlar ýerine ýetirdiler.

Festiwalda Bursa şäher häkimligiñ  döredijilik topary, mehter konserti, aýdym-saz teatry, gylyç we galkan bilen özboluşly hereketleriñ ýetirilendigi mälim edildi.

Festiwalda türki dilli halklaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-uñ wekili Dr. Jawid Möwsümlä, Bursa şäher häkimliginiñ baş sekretary Ulaş Akhan we Metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň başlygy Ahmet Baýhana plaket we minnetdarlyk şahadatnamasy gowşuryldy.

Habarlar