turki-dun-sini-umumy-mirasy-altyn-lybasly-adam

Türki dünýäsiniñ umumy mirasy: Altyn Lybasly Adam

Altyn lybasly adama degişli bolan tapyndylar, Müsürli faraon Tutankhamundan soň dünýäde altyn tapyndylaryň arasynda iň köp gün ýüzüne çykarylan ikinji uly mazar jaýy hökmünde taryha girdi.

01 Ocak 2022 17:39

Gazagystanda müñlerçe ýyllyk taryhy bolan Altyn lybasly adamyñ 8-njisiniñ tanadylyş dabarasy geçirildi.

Altyn Lybaslly Adama degişli tapyndylar: biziñ eýýamymyzdan öñki VIII- II asyrlardaky Karasuk we Tapar arheologiki döwürler arsynda Altaý daglaryndan Idil derýasyna çenli uzanýan Gazagystanyñ territoriýasynda hökümdarlyk süren Saka taýpalarynyñ hökümdarlaryna degişli mazar otaglarda tapawutly görnüşde altyn şaý-sepler bilen bezelen lybaslar we hususy şaý-sepleriñ gömülen hökümdar maşgalasyna degişli tapyndylardyr.

Gazagystanda dowam edýän arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde “Altyn Lybasyly Adam ýada Zenan” tapylgydan 51 ýylyñ dowamynda 8 sanysy gün ýüzüne çykaryldy. Ankara Uniwersitetiñ hünärmeni Serhan Çynar, gün ýüzüne çykarylan Altyn lybasly tapyndylardan şugünki güne çenli 6 sany erkek we 2 sanysynyñ bolsa zenana degişli bolandygyny aýtdy.

Gazuw-agtaryş işleriniñ çäginde 1969-njy ýylda Almaty sebitinde 18 ýaşlarynda bir Saka hökümdaryna degişli bolandygy çaklanýan taryhy eserler gün ýüzüne çykaryldy.

1969-1970-nji ýyllar aralygynda edilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde Iskit Tigine degişli bolan mazar otagy gün ýüzüne çykaryldy.

Mazar oatagynda agaç tabaklar, palçykdan ýasalan gap-çanaklar, iki kümüş käse we çemçe, bir bürünç aýna bilen 31 sany gap-çanak bardy.

Habarlar