turki-e-azerba-jan-umumy-media-platformasyny-ilkinji-maslahaty-gecirildi

Türkiýe-Azerbaýjan umumy media platformasynyň ilkinji maslahaty geçirildi

Türkiýäniñ Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Hikmet Hajyýewiñ ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata iki ýurduñ media we kommunikasiýa pudagynyñ wekilleriden ybarat bolan toparlar gatnaşdy.

23 Ekim 2021 14:34

Maslahatda "iki döwlet, bir millet we umumy metbugat" şygarynyñ çäginde iki ýurduň aragatnaşyk pudagynda dostlukly gatnaşyklaryny hasam ösdürmek maksady bilen metbugat, sanly metbugat, strategiki aragatnaşyk we jemgyýetçilik diplomatiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy ýokarlandyrmak we dezinformasiýa garşy bilelikdäki göreş ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe-Azerbaýjan umumy media platformasynyň institusional gurluşy bilen baglanyşykly meseleler ara alynan maslahatda "jemgyýetçilik diplomatiýasy", "halkara habar beriş serişdeleri", "strategiki aragatnaşyk", "bilim", "kanunçylyk we düzgünnama", platformanyň çäginde "sanlaşdyrmak we halkaralaşdyrmak" komitetleriñ döredilmegi karary kabul edildi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun maslahatda eden çykyşynda: 2020-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda Prezident Rejep Taýyp Erdogan we Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýewiñ gatnaşmagynda gol çekilen “ Türkiýe we Azerbaýjan arasynda media pudagynda Strategiki hyzmatdaşlyk barasynda ähtnama bilen döredilen Umumy Media platformanyñ iki ýurduñ arasynda soñky ýyllarda hasam ösen gatnaşyklaryñ media we kommunikasiýa pudagynda institusionallaşdyrmak nukdaýnazaryndan örän gymmatly gadam boldy”- diýdi.

Ermenistanyñ basyp alyşlygy astyndaky Garabag sebitiniñ azat edilmegi üçin başladylan söweşde diñe harby we syýasy pudakda däl aragatnaşyk we media pudagynda hem üpjün edilen ýakyn hyzmatdaşlyk saýasynda üstünlikli netijeler alynandygyny belläp geçen Altun, “ media, aragatnaşyk we jemgyýetçilik diplomatiýasy pudagynda galp habarlar we dezinformasiýa garşy göreşde Türkiýe-Azerbaýjan hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris. Bu pudakdaky tejribeleriñ paýlaşylmagy, mümkinçiliklere baha bermek, institusional mümkinçilikleri ösdürmek we bilelikdäki gözlegleri geçirmek meselesinde ylalaşýarys "-diýdi.

Azerbaýjanyň prezidentiniñ geñeşçisi Hikmet Hajyýew, maslahatda eden çykyşynda Garabag söweşinde aragatnaşyk pudagynda görkezilen Türkiýe bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygyñ  Umumy media platformasy arkaly institusional şahsyýet döredilendigini aýtdy.

Habarlar