turki-e-ombudsmen-guramasy-turki-dowletler-bilen-gatnasyklary-pugtalandyrar

Türkiýe Ombudsmen guramasy, Türki döwletler bilen gatnaşyklary pugtalandyrar

Türkiýe Ombudsmen guramasynyñ ýer eýeçiliginde Türki döwletleriñ gatnaşmagynda döredilen “Türki Döwletleri Ombudsmen Bileleşigi”, agza ýurtlaryñ arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksatlaýar.

23 Mayıs 2022 14:33

Türki Döwletleri Ombudsmen Bileleşigi,  Türkiýe Ombudsmen guramasynyñ ýer eýeçiliginde Türkiýe, DKTR, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystanyñ gatnaşmagynda 2022-nji ýylyñ 13-nji maýynda Türkiýäniñ Bursa şäherinde döredildi.

Türk ombudsmeni Şeref Malkoç metbugata beren beýanatynda Türki Döwletleri Ombudsmen Bileleşiginde heniz wezipe paýlaşygyñ edilmedigini aýtdy.

Malkoç, Türkiýe döwletiniñ 1991-nji ýylda gazaşsyzlyklaryna eýe bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Türkmenistana goldaw berýändigini nygtap:” esasanam 2021-nji ýylyñ 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen hormatly prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ ýolbaşçylygynda Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkmenistanyñ döwlet ýolbaşçylarynyñ bilelikde döreden Türki döwletleriñ Guramasy bar. Bu guramanyñ üçegi astynda  syýasy,ykdysady, jemgyýetçilik we medeni ugurlarda köp sanda taslamalar durmuşa geçirilýär”-diýdi.

Häzirki wagtda Türki Döwletleri Ombudsmen Bileleşiginiñ 6 agzasy bolandygyny nygtap Malkoç, “ Türkmenistan heniz bileleşigiñ agzasy däl. Wengriýa we Türkmenistan hem ýakyn gelejekde Bileleşigiñ agzasy bolar”-diýdi.

Habarlar