turki-e-radio-telewideni-e-guramasy-trt-den-wekili-et-turkmenistany-telewideni

Türkiýe radio- telewideniýe guramasy TRT-den wekiliýet Türkmenistanyň Telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde geçirilen iş maslahata gatnaşdy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde geçirilen iş maslahata TRT-niń Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer we degişli guramalaryň ýolbaşçy we wekilleri gatnaşdy

02 Şubat 2021 19:27

Türkiýe radio- telewideniýe guramasy TRT-den wekiliýet Türkmenistanyń Telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde geçirilen iş maslahata gatnaşdy.

Türkiýe radio- telewideniýe guramasynyň Merkezi Aziýada ilkinji wekilhanasyny 1999-njy ýylda Aşgabat şäherinde açandygyny nygtan TRT-niň Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer  " Iki doganlyk ýurt we halk arasynda “ Bir Millet, Iki Döwlet” şygaryna esaslanyp deňagramly hormat we hymatdaşdalyk dowam edýär. Gadymyýete uzanýan doganlyk baglaryna esaslanýan gatnaşyklarymyzy hasam pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmek isleýäris. Biz Türkmenistanyń gözelliklerini 17 sany telewideniýe, 16 sany radio kanallarymyz bilen web sahypalarymyzda bütindünýä tanatmak isleýäris. Biziň üçin bu ýer Atawatan. Türkmenistandan Anadola uzanýan medeniiýet köprüsi guralyň. Türkmen enemiziň eden mesgesi bilen Anadolydaky enemiziň eden mesgesi arasynda bir bag guralyň. Bu geografiýa adamlaryň ünsini has köp çekeliň diýdi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiň başlygy Arslan Aşyrow hem öz nobatynda TRT-niň Türkmenistanda meýilleşdirýän ýaýlymlaryna hemme taraplaýyn goldaw beriljekdigini aýtdy. Iş maslahatda ýaýlym meýilnama we taslamalar ara alyndy. Maslahatda “ Geljegiň Aragatnaşykçylary” bäsleşigi barasynda maglumat berildi. Online bilim çärelerine üns çekildi. “Diriliş” we “Ýunus Emre” seriallarynyň Türkmen telewideniýesinde ýaýlyma berilmegi hem ara alyndy.

Habarlar