turki-e-respublikasyny-ilkinji-g-mi-binag-ri-prof-ata-nutku

Türkiýe Respublikasynyñ ilkinji gämi binagäri: Prof. Ata Nutku

Prof. Ata Nutku, harby durmuşy we ömrüniñ dowamynda bir döwriñ lideri boldy.

05 Şubat 2022 11:27

Prof. Ata Nutku, "Türkiýede gämiler gurup bolmaz" diýlen ýyllar-da hiç wagt ynamyny ýitirmedi.

1904-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Preveze şäherinde dünýä inen Ata Nutku başlangyç we orta bilimini Haýdarpaşadaky Terraki mekdebinde we Kadyköy Sultani-de tamamlady.

1917-nji ýylda Heýbeli adada deňiz mekdebine geçdi we leýtenant bolup mekdepden uçurym boldy, Soňra Göljük gämi abatlaýyş kärhanasyna bellendi. Inženerlik tejribe döwründe Gollandiýada suwasty gämileriniň gurluşygyna gatnaşdy.

Italýan duşmanlaryñ deñiz flotyna goşulmagyndan soñ bir nebit daşaýan gämä ätiýaç boldy. Gämileriñ ýangyç zerurlyklary kyn ýollar bilen üpjün edilýärdi. Bu ýagdaýda ýa nebit gämisi satyn alynmalydy ýa-da Göljük zawodlarynda gurulmalydy. Ata Nutku gämi ýasamagyñ tarapynda durdy.

Gäminiň meýilnamalaryny Ata Nutku we Amir Türüt çyzdy. Gäminiñ gurluşygyna 1934-nji ýylyň 26-njy maýynda başlandy. 1935-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda dabarasyz Göljük nebit gämisi işe girizildi. dabara Ata Nutku we oña ynanan dostlary gatnaşdy.

Ata Nutku Baş Göljük nebit gämisiniň gurluşygy üçin eden tagallalary mynasybetli baş ştabyñ başlygy marşal Fewzi Çakmak tarapyndan şahadatama we Milli Goranmak ministriniň orunbasary tarapyndan nagt pul bilen sylaglandy.

Göljük nebit gämisinden soň Atak käni gämisi 1937-nji ýylda guruldy.

Ata Nutku bulardan başga-da 2500 tonna ýüzýän howuz, Tolunaý Tanker, bürgüt awtoulag gämisi we Karamürsel awtoulag paromy ýasady.

Geljegiñ gämi gurluşyk inženerlerini ýetişdirdi

1943-nji ýylda Ata Nutku üçin täze döwür başlady. Oňa Stambul Tehniki Uniwersitetinde açylan gämi gurluşyk inženerçilik bölüminde geljegiň inženerlerini ýetişdirmek tabşyryldy.

Ondan soňky ýyllarda onuň ýolbaşçylygynda Türkiýede gämi gurluşyk instituty döredildi. Soň bolsa institutda gämi nusgalaryñ synag labaratoriýasy guruldy.

Ata Nutku ömrüniñ dwamynda köp sanda gämi gurluşyk inženerlerini ýetişdirdi.

1990-njy ýylda Stambul Tehniki Uniwersiteti gämi nusgalar üçin synag labaratoriýasynyñ ady onuñ hormatyna “Ata Nutku gämi nusgalar üçin synag labaratoriýasy” bolup üýtgedildi.

Ata Nutku, 1994-nji ýylyñ 31-nji ýanwarynda dünýeden ötdi.

Habarlar