turki-e-respublikasyny-prezidenti-rejep-ta-yp-erdogany-wideo-gutlagy-turkmen

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň wideo gutlagy türkmen telewideniýasynda ýaýlyma berildi. 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň Baky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa  ugradan wideo gutlagy türkmen telewideniýasynda ýaýlyma berildi. 

15 Aralık 2020 13:14

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň Baky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa  ugradan wideo gutlagy türkmen telewideniýasynda ýaýlyma berildi. Prezident Rejep Taýyp Erdogan eden çykyşynda: “Aziýanyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy üpjün etmäge, ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga saldamly goşant goşýar. Biz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köp taraplaýyn görnüşde geçirilýän gepleşiklere işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berýäris. Biz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň bähbidine Türkmenistan bilen ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, söwda ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýarys. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda beýan edilen maksatlara ýetmegiň bähbidine giňgerimli işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň dostluk gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Biz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýäris. Ýokarda agzalan ugurlaryň hukuk binýadyny pugtalandyrýan ylalaşyklaryň 100-den gowragy gazanyldy. Dünýäde emele gelen ýagdaýyň ykdysadyýete edýän täsirine garamazdan, 2020-nji ýylyň 9 aýynyň görkezijileri geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygy 118 göterim artdy. Kärdeşim, gadyrly doganym, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmenistanyň Baştutanyna we ähli türkmen halkyna özümiň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn” diýdi.

Habarlar