turki-e-samarkantda-baskonsullyk-ac-ar

Türkiýe Samarkantda başkonsullyk açýar

Türkiýäniñ Özbegistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Olgan Bekar: “ Türkiýe Özbegistanda başkonsullyk açma kararyny kabul eden ilkinji ýurt”- diýdi.

04 Mart 2021 23:04

Türkiýäniñ Özbegistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Olgan Bekar Samarkand şäherinde açyljak başkonsullyk barasynda: “ Türkiýe Respublikasy, Özbegistanyñ garaşsyzlygyny 1991-nji ýylda ilkinji tanan we Daşkentde ilçihana açan ilkinji döwletdir. Taryhy jogapkärçilik bilen Türkiýe, başkonsullyk açma karary kabul etdi”- diýdi.

Ilçi Bekar, daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Özbegistanyñ daşary işler ministri Abdülaziz Kamilowyñ gatnaşmagynda 2021-nji ýylyñ 7-nji martynda Samarkantda Başkonsullyk binasynyñ dabaraly ýagdaýda  açyljakdygyny habar berip iki doganlyk ýurt arasynda syýasy, söwda, medeni ugurlarynyñ başda durmagynda hyzmatdaşlygyñ ähli pudaklarda ösýändigini aýtdy.

Özbegistanyñ iñ uly 5 söwda şäriklerinden biri bolan Türkiýäniñ Özbegistanda iñ köp maýagoýan firmalara eýe bolandygyny nygtan ilçi Bekar, iki ýurduñ arasynda 2019-njy ýylda söwda göwrüminiñ 2,54 milliard dolar bolup taryhy rekord derejä ýetendigini we 2020-nji ýylda koronawirus epidemiýasyna garamazdan iki ýurduñ arasyndaky söwda göwrüminiñ 2,1 miliard dolara ýetendigini aýtdy.

Ilçi Bekar, Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklarynyñ Prezident Rejep Taýyp Erdogan we Şawkat Mirziýoýewiñ tagallalary bilen hasam pugtalanýandygyny aýtdy.

Habarlar