turki-e-stipendi-asyna-dasary-urtly-talyplar-uly-gyzyklanma-gorkez-r

“ Türkiýe Stipendiýasyna” daşary ýurtly talyplar uly gyzyklanma görkezýär

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasynyň durmuşa geçirýän esasy taslamalaryndan biri bolan “Türkiýe Stipendiýalaryna” 2021-nji ýylda daşary ýurtly talyplar uly gyzyklanma görkezdi.

26 Şubat 2021 23:38

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasy tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada; “2021-nji ýylyñ 10-njy ýanwarynda başlan “Türkiýe Stipendiýalaryna” ýüz tutma möhledi 20-nji fewralda soñlandy. Dünýäniñ 178 ýurdundan 165,511 daşary ýurtly talyp Türkiýede ýokary bilim, aspirantura we doktorlyk derejelerinde bilim almak üçin ýüz tutdy.” diýildi.

Mugallym we hünärmenler bilen geçiriljek söhbetdeşlikde üstünlik gazananlar Türkiýede ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga hukuk gazanarlar.

Türkiýede ýokary okuw bilimini üstünlikli tamamlan talyplar, öz ýurtlary bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm rol oýnaýarlar, bu talyplar şeyle-de sebitara we halkara meseleleriñ çözülmeginde derwaýys wezipeleri ýerine ýetirerler.

Bakalawr Stipendiýalary

Bakalawr stipendiýa maksatnamasy bakalawr derejesinde ýüz tutanlar üçin ýörite taýarlanan maksatnamadyr. İnženerçilikden saglygy saklaýyş ylymlaryna, gumanitar ylymlardan jemgyýetçilik ylymlara çenli kesgitlenen dürli ugurlar bilen gyzyklanýan ýaşlar bu maksatnama ýüz tutup bilerler. 

Magistrlik Stipendiýalary

Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynda; jemgyýetçilik ylymlarynda, gumanitar ylymlarynda, tebigy ylymlarda we inženerçilik ugurlarynda magistrlik we doktorlyk derejelerinde dürli maksatnamalar hödürlenýär. 

 

Habarlar