turki-e-turki-dun-sinde-mugallym-alys-calys-maksatnamasyny-durmusa-geciriljek

Türkiýe, Türki dünýäsinde Mugallym alyş-çalyş maksatnamasynyň durmuşa geçiriljek ilkinji ýurt bolar

Türkiýäniñ bilim ministri Mahmut Özer, 2022-nji ýylyň 6-12-nji iýunynda Ankara we Stambulda Türki döwletleriniň guramasyna agza ýurtlaryň arasynda ilkinji mugallym alyş-çalyş maksatnamasyny gurnamak kararynyñ kabul edilendigini habar berdi.

31 Mart 2022 13:23

Türkiýäniñ bilim ministri Mahmut Özer, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýäniñ doly, Türkmenistan we Wengriýanyñ bolsa synçy agzasy bolan Türki döwletleriñ guramasyna agza ýurtlaryñ arasynda bilim pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk barasynda metbugata maglumat berdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ ýer eýeçiliginde 2021-nji ýylyñ noýabr aýynda geçirilen Türki Geñeşiñ VIII  Liderler sammitinden soñ çap edilen jemleýji resminamada Türki dilli döwletleriñ Hyzmatdaşlyk Geñeşiniñ adynyñ “ Türki döwletleriñ Guramasy” hökmünde üýtgediilendigini ýatladan ministr Özer, bu sammitiñ öñi syrasynda Türki döwletleriñ Guramasynyñ 6-njy bilim ministrleriniñ maslahatynyñ geçirilendigini aýtdy.

Bu maslahatda Türki döwletleriñ guramasynyñ 1-nji Mugallym alyş-çalyş maksatnamasynyň  2022-nji ýylda Türkiýede geçirilmegi boýunça karar kabul edildi. Bu çäkde 2022-nji ýylyñ 6-12-nji iýunynda Ankara we Stambulda mugallym alyş-çalyş maksatnamasy durmuşa geçiriler we Türkiýe ilkinji bolup bu maksatnama ýer eýeçiligi eder.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we synçy döwletler Türkmenistan we Wengriýadan mugallymlar dawat ediler.  Maksatnamanyñ çäginde Türkiýä dawat edilen mugallymlara Türkiýäniñ bilim ulgamy tanadylar, öwretmegiň usullary, ölçeg we baha bermekde täze çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mugallym alyş-çalyş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, türki döwletleriň arasyndaky özara ynamy, dostlugy we hoşniýetli goňşulygy pugtalandyrmak, sosial we medeni ösüşi ösdürmek, bilim, medeniýet, ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek, özara gatnaşyklary giňeltmek we bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatlanýar.

Maksatnama bir hepde dowam eder. Bir hepdäniñ dowamynda mugallymlar mektep we bilim edaralaryna aýlanarlar. Sungat çäreleri gurnalar we maksatnamanyñ soñunda bolsa mugallymlara şahadatnamalar gowşurylar.

Habarlar