turki-e-turkmenistan-azerba-jany-dasary-isler-ministirlerini-5-nji-maslahaty

Türkiýe-Türkmenistan- Azerbaýjanyň daşary işler ministirleriniň 5-nji maslahaty Türkiýede geçiriler

Türkiýe-Türkmenistan- Azerbaýjanyň daşary işler ministirleriniň 5-nji maslahaty 2021-nji 23-nji fewralynda Türkiýede geçiriler

22 Şubat 2021 12:11

Türkiýäniň daşary işler ministirligi tarapyndan berilen beýannamada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň 2021-nji 23-nji fewralynda Türkiýede saparda boljakdygy habar berildi.

Geçiriljek toparara gepleşiklerde Türkiýe-Türkmenistan arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitara meseleler ara alynar. Daşary işler ministri Raşid Meredowyň resmi saparyň çäginde  Prezident Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar.

Beýannamada Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň hem gatnaşmagynda Türkiýe-Türkmenistan- Azerbaýjanyň daşary işler ministirleriniň 5-nji maslahatynyň geçiriljekdigi habar berildi. Maslahatyň çäginde  daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Azerbaýjanly kärdeşi bilen özara gepleşikler geçirjekdigi bellendi.

Habarlar