turki-e-turkmenistan-bilen-haryt-dolanysygyny-10-milliard-dollara-etirmekci

Türkiýe Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmekçi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi tamamlanandan soňra türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi.

01 Temmuz 2022 22:35

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Ýurduň Söwda-senagat edarasynda geçirilen hökümetara mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, türk tarapyna bolsa, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý ýolbaşçylyky etdi.

Hormatly myhman köp sanly hökümet we işewürlerden ybarat bolan wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, saglygy goraýyş, ylym-bilim we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda edilen çykyşlarda koronawirus pandemiýasynyň emele getiren kynçylyklaryna garamazdan, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artandygyny bellenildi.

Berlen maglumatlara görä, haryt dolanyşygy 2 milliard dollara golaýlady. Bu görkezijiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady mümkinçiliklere jogap bermeýändigi bellenilip, haryt dolanyşygyny ilki bilen iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşygy esasynda 5 milliard dollara, soňra bolsa 10 milliard dollara çenli artdyrmaga tagalla ediljekdigi bellenildi.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý bu barada eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirmelidigini aýdandygyny mälim etdi.

BILELIKDÄKI GÜMRÜK TOPARYNY DÖRETMEK

Şeýle hem wise-prezident Fuat Oktaý iki ýurduň hökümetiniň arasynda gümrük babatda hem hzymatdaşlygyň ösdüriljekgini bu babatda bilelikdäki gümrük toparynyň döredilmeginiň möhüm boljakdygyny belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistan-Türkiýe Söwda-senagat edarasynyň forumynyň döredilmegi, bank ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, iki ýurduň arasynda tebigy gaz we nebit senagatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRK EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI

Wise-prezident Fuat Oktaý ozal dowam eden Türk harytlarynyň ekpsort sergisini dowam etdirmegi teklip etdi. Hormatly myhman bu sergini şu ýylyň dekabr aýynda geçirmegiň talabalaýyk boljakdygyny belläp, sergä ýokary derejedäki iri türk kompaniýalarynyň gatnaşmagy üçin tagalla etjekdiklerini belledi.

Şeýle hem wise-prezident Fuat Oktaý sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygňy hem wajypdygyny belläp, bu babatda şu ýyl Türkiýede geçiriljek Çawadarlaryň oýunlaryna türkmen türgenlerini gatnaşmaga çagyrdy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi tamamlanandan soňra türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi.

Habarlar