turki-e-turkmenistan-gatnasyklary-gunsa-yn-os-r

Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklary günsaýyn ösýär

Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklary ýokary derejeli saparlar bilen ösýär. Türkmenistanyñ prezidenti Berdimuhamedow ýakynda Stambul şӓherinde resmi saparda bolupdy. Prezident Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistanda geçiriljek YHG-nyň 15-nji Sammitine gatnaşar.

27 Kasım 2021 13:19

Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Türkmenistanyň Mejlisi 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny biragyzdan kabul etdi we bütindünýä yglan etdi.

Türkiýe Respublikasy, 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet boldy.

Şol ýyldan bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çalt ösdi we söwda, harby, bilim we medeniýet ugurlarynda güýçli hyzmatdaşlyk edildi.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hasam pugtalandy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguli Berdimuhamedow: "Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, eziz doganym Rejep Taýyp Erdoganyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşan goşandyny belläsim gelýär. Gepleşenimizde elmydama onuň Türkmenistana aýratyn garaýşyny duýýaryn."-diýdi.

Iki doganlyk döwletiñ ýakyn hyzmatdaşlygyň ruhuny türk we türkmen işewür adamlarynda-da öz beýanyny tapdy.

Ýygy-ýygydan duşuşyklar geçirýӓn işewür dünýäsi ulag, logistika, oba hojalygy, gurluşyk, energiýa we saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagalla edýӓrler.

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:  "Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklarynyň geljegini bilelikde gurýarys. Halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine bolan hyzmatdaşlygymyzyň uly potansiala eýe bolandygyna ynanýaryn.”-diýdi.

ıkitaraplaýyn söwda mukdary 8 göterim ýokarlady

COVID-19 epidemiýasyna garamazdan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdary geçen ýyl 2 milliard dollara ýetdi.

2021-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda 8 göterim ýokarlady.

Habarlar