turki-e-turkmenistan-isewurler-ge-esini-mejlisi-gecirildi

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň 2-nji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi.

26 Mart 2021 10:58

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýan Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň 2-nji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi.

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň 2-nji mejlisine Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) başlygy Nail Olpak, Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň başlygy Halil Awjy, Türkmen-Türk bankynyň baş müdiri Kazim Gundogan bilen köp sanda işewür adamlary  gatnaşdy.

Duşuşyga  Türkmenistanyñ Söwda-senagat palatasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistan Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň Geňeşiniñ dolandyryş guramasynyñ agzasy Täçmyrat Gurdow hem gatnaşdy.

Mejlisde Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara 6-njy Ykdysady Komissiýanyñ güntertibine hödürlenjek meseleler ara alyndy.

Duşuşykda, şeyle-de, Türkmenistanyň möhüm eksport önümleriniň hataryna girýän nebit we tebigy gaz önümleriniň satuw kanallaryny diwersifikasiýa etmek maksady bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen 2021-nji ýylda Stambul şäherinde forum guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar, Türkiýe-Türkmenistan- Azerbaýjan üçtaraplaýyn mehanizm ulanylyp Azerbaýjan we Türkmenistanyñ tebigy gaz çeşmeleriniñ Türkiýe we Ýewropa ýetirmegi maksatlaýan ähli işlere goldaw berjekdiklerini nygtadylar.

Duşuşykda, Türkmenistan Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň ýolbaşçylygynda Türkiýäniñ tapawutly welaýatlarynda tanyşdyryş çärelerini gurnamagy, oba-hojalyk, gurluşyk, saglygy goraýyş we suwyñ tygşytly ulanylmagy meseleleri boýunça gepleşikleriñ geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi, türk kompaniýalarynyň, gurluşyk, dokma, azyk, oba hojalygy we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda uly mümkinçilige eýe bolan Türkmenistanda ileri tutulýan ugur hökmünde türkmen tarapy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi, Türkiýäniň orta ýe kiçi telekeçilik babatda gazanan üstünlikleriň we tejribesiniň Türkmenistan bilen paýlaşmagy ýaly ugurlarda iş alyp barýar.

Habarlar