turki-e-ukraina-gatnasyklary-100-yl-ozala-da-an-ar

Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary 100 ýyl ozala daýanýar

Türkiýe-Ukraina diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 3-nji fewralynda ýola goýulan hem bolsa iki ýurduň arasynda gatnaşyklar Osman imperiýasyna çenli uzanýar.

21 Şubat 2021 18:24

Türkiýe-Ukraina diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 3-nji fewralynda  ýola goýulan hem bolsa iki ýurduň arasynda gatnaşyklar Osman imperiýasyna çenli uzanýar. Bu döwürde Osman imperiýasy bilen Ukraina Halk Respublikasy biri-birini tanap diplomatik wekilhanalaryny açdy.

Russiýada 1918 fewral rewolýusiýasyndan soň garaşsyzlygyny yglan eden Ukraina Halk Respublikasyndaky ilkinji türk ilçisi Ahmet Muhtar Beý Kiýewde 1918-nji ýylyň sentýabr aýyndan 1919-njy ýylyň fewral aýyna çenli gulluk etdi.

2018-nji ýylda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň  gatnaşmagynda Stambul şäherinde Ukraina Halk Respublikasynyň binasyna; Türkiýäniň Ukrainadaky Ilçihanasynyň tagallasy bilen Ukrainadaky ilkinji Türk diplomatik wekilhanasy bolan binanyň diwaryna hatyra plaketi ornaşdyryldy.

Türkiýäniň Ukrainadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Yagmur Ahmed Güldere beren beýanatynda Ukrainanyň 1918-19-nji ýyllarda Garaşsyzlygyny yglan edendigini, Osman imperiýasy bilen Ukraina Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik wekilhanalaryň açylandygyny aýtdy. Ilçi Güldere şugünki  günde iki ýurduň arasyndaky söwda göwrüminiň 5 milliard dolara barabar bolandygyny habar berdi.

 Prof. Dr. Irina Matiaş, döwrüň iň gowy myhmanhanalarynyň biri bolan Palast myhmanhanasynyň binasynda Ukrainanyň hökümet edaralarynyň we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň bolandygyny aýtdy.

"Premier Palas" myhmanhanasynyň satuw müdiri Alekseý Metelskiý, Türkiýe-Ukraina diplomatik gatnaşyklarynyň  myhmanhananyň 3-nji gatynda açylan Osman imperiýasynyň diplomatik wekilhanasy bilen başlandygyny aýtdy. 

Habarlar