turki-e-ukrainadan-cyk-an-turki-dowletleri-ra-atlary-ucin-ygtybarly-gecelge

Türkiýe, Ukrainadan çykýan Türki döwletleriñ raýatlary üçin "ygtybarly geçelge" bolýar

Russiýanyñ Ukraina başladan urşundan soñ ýurtdan çykýan Türki döwletleriñ raýatlary “ ygtybarly geçiş nokady” bolan Türkiýä gelýärler.

05 Mart 2022 15:38

Türkiýäniñ daşary işler ministrliginiň guramasy bilen Ukrainadan göçürilen türki döwletleriñ raýatlary Edirne serhet geçelgelerinden Türkiýä gelmäge dowam edýärler. Azerbaýjan, Özbegistan, Türkmenistan we Gyrgyzystanyň raýatlary ýurtlaryna gaýdyp barýarka Edirne serhet geçelgelerini ulanýarlar.

Moldowa, Rumyniýa we Bolgariýanyň serhedinde wagtal-wagtal kynçylyklary başdan geçiren adamlar, Türkiýede mähirli garşylanýarlar.

Türkiýäniñ Gyzyl aý jemgyýetçilik guramasynyñ Edirne bölümi we Edirne şäher meýletinleri gaznasy ýurtda gelenlere çorba, çaý hödür edýär.

Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistanyñ raýatlarynyñ bolan 2 awtobus, 109 ýolagçysy bilen Hamzabeýli serhet geçelgesinden Türkiýä girdi.

Habarlar