turki-e-unesko-da-i-kop-medeni-gymmatlyklary-bellige-aldyran-5-urtdan-biri

Türkiýe, UNESKO-da iñ köp medeni gymmatlyklary bellige aldyran 5 ýurtdan biri

Türkiýäniñ medeni gymmatlyklary UNESKO tarapyndan tassyklanýar. Häzirki wagta çenli Türkiýeden 20 sany medeni gymmatlyk UNESKO-nyñ maddy däl medeni miras sanawyna girizildi.

28 Şubat 2021 22:45

Müñlerçe asyrlyk taryha eýe bolan Türkiýe, medeni gymmatlyklar taýdan dünýäniñ iñ baý ýurtlardan biri.  Türkiýäniñ Medeniýet we Syýahatçylyk Ministirliginiñ “ Maddy däl medeni miras Türkiýe” sanawyna girizilen medeni gymmatlyklaryñ sany 294-e ýetdi. Bu eserlerden 20-siniñ UNESKO-nyñ maddy däl medeni miras sanawyna girizilmegi bilen Türkiýe  UNESKO-a iñ köp medeni gymmatlygy bellige aldyran 5 ýurtdan biri.

Türkiýeden UNESKO-nyñ maddy däl medeni miras sanawyna girizilen medeni gymmatlyklar;

1- Meddahlyk (2008)

Imitasiýa we animasiýa bilen bir hekaýany gürrüñ berme sungaty.

2- Möwlewi sema dabarasy (2008)

Dini mowzuklary öz içine alýan Möwlewi sema dabarasy, Möwlewi derwişleriň ýerine ýetirýän däp-dessurdyr. Hudaýa ýetmegiň ýollarynyň derejelerini alamatlandyrýan dabara, birnäçe mistiki düzgünleriň çäginde ýerine ýetirilýär.

3- Bagşylyk (Aşıklık) Däbi (2009)

Anadolynyň medeni baýlygy we dürlüliginiň nyşany bolan bagşylyk däbi, köp ugurly sungatdyr. Bu sungatyñ düzüminde goşgy, aýdym-saz we hekaýa bar.

4- Nowruz Baýramy (2009)

5- “Garagöz” gurjak  oýny (2009)

Garagöz oýunda, adam, haýwan we jisim şekilleri taýagyň kömegi bilen hereket edýär.

6- Milli gymmatlyklar barasynda söhbetdeşlik ýygnaklary (2010)

Medeni mirasyñ geljek nesillere geçirmekde möhüm rol oýnaýar. Milli egin-eşikler, aýdym-sazlar, tans we aşpezlik sungaty ýaly köpugurly gymmatlyklar bu söhbetdeşlikler arkaly dowam etdirilýär.

7- Kyrkpynar Ýagly Göreş Festiwaly (2010)

14-nji asyrda Rumelýada başlaýan Kyrkpynar ýagly göreş festiwaly dünýäniñ iñ gadymy festiwallaryndan biri.

8- Alewi-Bektaşi Däbi: “Semah” (2010)

Semah däbi, Alewi we Bektaşiler tarapyndan ýerine ýetirilýär.  Saz bilen bilelikde aýdylýan aýdymlar we sazyň ritmine laýyklykda edilen hereketler bilen Hudaýa ýüzlenme däbi ýerine ýetirilýär.

9- Keşkek däbi (2011)

Keşkek däbi, bugdaý we et, açyk meýdanda odunyñ üstüne goýulan uly gazanlarda bişirilýärkä ýerine ýetirilýän däplerdir.

10- Mesir pastasy festiwaly (2012)

400 ýyllyk däbe öwrülen Mesir pastasy festiwaly, Türkiýäniñ Manisa şäherinde geçirilýär. Nesilden nesle geçip gelýän taýarlanyş usuly bilen bişirilýän mesir pastasy Türkiýäniñ tapawutly ýerlerinden gelen adamlara beýik ýerden atylyp paýlanýar. Her ýyl geçirilýän bu festiwal üçin 3 müñ tonna mesir pastasy taýarlanýar.

11- Türk kofe medeniýeti we däbi (2013)

12- Ebru Sungaty (2014)

13- Milli Kafel sunalama sungaty (2016)

14- Inçe çörek pişirmek we paýlaşmak medeniyeti: Lawaş (2016)

15- Bahar baýramy: Hydyrellez (2017)

Türkiýe we Makedoniýanyñ maddy däl medeni mirasydyr. Hydyrellez baýramy 6-njy maýda bellenýär.

16- Sygyrma dili (2017)

Barmak, dil, diş, dodak we ýañaklaryñ kömegi bilen emele gelýän sygyrma dili, Türkiýäniñ gündogar Garadeñiz sebitinde 10 müñden aşa adam tarapyndan ulanylýar.

17- Gorkut Ata Mirasy: Epos, Erteki we aýdymlar (2018)

18- Türk ýaý atmak sungaty (2019)

19- Miniatýura sungaty (2020)

20- Milli Akyl we strategiýa oýny: Mangala (2020)

 

Habarlar