turki-e-we-azerba-jan-arasynda-sahsy-etnama-bilen-ozara-sy-ahat-1-nji-aprelde-b

Türkiýe we Azerbaýjan arasynda şahsyýetnama bilen özara syýahat 1-nji aprelde başlaýar

Türkiýäniñ daşary işler ministirligi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada: Türkiýe we Azerbaýjan arasynda “ Şahsyýetnama bilen Syýahat Teswirnamanyñ” içerki tassyklama tapgyrynyñ tamamlanandygy we teswirnamanyñ 1-nji aprelde güýje girjekdigi mälim edildi.

29 Mart 2021 12:43

Türkiýäniñ daşary işler ministirligi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, 2020-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda Bakwuda gol çekişilen Türkiýe Respublikasynyñ Hökümeti bilen Azerbaýjan respublikasynyñ Hökümeti arasynda şahsyýetnama bilen syýahat teswirnamanyñ içerki tassyklama tagyrynyñ iki ýurtda hem tamamlanandygy habar berildi.

Beýannamada iki ýurduň raýatlarynyñ 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap özara saparlarynda pasporta gerek duýman diñe täze görnüşli şahsyýetnamalary bilen syýahat edip biljekdikleri mälim edildi.

Habarlar