turki-e-we-azerba-jandan-gelen-alpinistler-hojaly-sehitlerini-hormatyna-haca-da

Türkiýe we Azerbaýjandan gelen alpinistler Hojaly şehitleriniñ hormatyna Haça dagyna dyrmyşdylar

Azerbaýjanyñ Hojaly şäherinde 1992-nji ýylyñ 26-njy fewralynda şehit bolan 613 adamy hatyralamak maksady bilen Nahçywandaky Haça dagyna Türk we Azerbaýjanly alpinistler dyrmyşdylar.

22 Şubat 2022 17:03

Azerbaýjan Kars Baş konsullygy, Zirve alpinizm we tebigat sport kluby we Azerbaýjanyň Dil, Taryh we Medeniýet Bileleşigi tarapyndan gurnalan çärä Türkiýäniň tapawutly sebitlerinden Ygdır şäherine gelen 24 alpinist Nahçywanda  Azerbaýjandan gelen 7 alpinist bilen duşuşdy.

Sebitiñ dyrmyşmak taýdan iñ beýik daglaryň biri bolan Haça dagynyň depesine çykan alpinistler bu ýerde hatyralama çäresi gurnadylar. 1 minutlyk hormat dymyşlyk bilen başlaýan hatyralama çärede Türkiýe we Azerbaýjanyñ döwlet senalary ýerine ýetirildi, Hojaly gyrgynçylygynda şehit bolanlar hormat bilen hatyralandy we iki döwletiñ baýdaklary pasyrdadyldy.

Çäräni gurnaýan toparyñ ýolbaşçysy Iskender Dogan bu hatyralama çaresini 6 ýyl ozal başladandyklaryny we  şol ýyldan bäri her ýyl gurnaýandyklaryny aýtdy.

Türkiýäniñ hemişe Azerbaýjanyñ ýanynda bolandygyny belläp geçen Dogan: “ Haça dagyna dyrmyşma çäresini gurnamakdaky maksadymyz Azerbaýjanly doganlarymyzyñ gussasyny we gynanjyny paýlaşmak”-diýdi.

Zirwe alpinizm we tebigat spportlary klubyñ Kars bölüminiñ başlygy Alpaý Korkmaz çärä köp sanly şäher we sport klubdan alpinistlerin gatnaşandygyny belläp: “Şehitlerimize Alladan rehnet dileýäris. Hormatly prezident Rejep Taýyp Erdogan we Ilham Aliýewe gazanan Garabag ýenişini bize sowgat edendikleri üçin köp sagbolsun aýdýaryn”-diýdi.

Habarlar