turki-e-we-turki-dilli-urtlar-arasyndaky-gatnasyklarda-t-ze-goz-etimler

Türkiýe we Türki dilli ýurtlar arasyndaky gatnaşyklarda täze gözýetimler

Türkiýe Respublikasynyñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 2021-nji ýylyñ 5-10 mart aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna iş sapary gurady.

11 Mart 2021 14:40

2021-nji ýylda Türki dilli döwletler garaşlygynyñ 30 ýyllygyny belleýär. Bu sebäpdenem Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran sapary iññän möhim.

Türkiýe Respublikasy, 1991-nji ýylda Türki dilli döwletleriñ garaşsyzlyklaryny tanan ilkinji döwlet. Azerbaýjanyñ 30 ýyla golaý Ermenistanyñ basyp alyşlygy astyndaky Daglyk Garabagdaky topraklaryny azat etmek üçin başaladan harby operasiýasy dowamyndaky Türkiýe- Azerbaýjan arkalaşygy,Türki dilli döwletler üçin nusgalyk boldy.

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ Türkmenistan, Özbegistan we  Gyrgyzystana guran iş sapary hem gatnaşyklaryñ hasam pugtalanamgyna hem-de öñümizdäki ýyllar üçin ýol kartasynyñ çyzylmagy üçin iññän möhim waka boldy.

Ministr Mewlüt Çawuşoglynyñ Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran saparynyñ ilkinji duralgasy Türkmenistan boldy.

2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi.

6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri özüniň türkmen kärdeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.Taraplar türkmen-türk gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara hereketler bilen birlikde, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyga jikme-jik seredilip geçildi.Taraplar şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derejesine hem seredip geçdiler. Diplomatlar şeýle-de ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň netijeli ilerledilmegi bilen birlikde medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar. Howpsuzlyk, ylaýta-da ekologiýa howpsuzlygy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

2019-nji ýylda Türkmenistan- Türkiýe arasyndaky söwda göwrümi  takmynan 1,5 milliard dolara barabar boldy 2020-nji ýylda bolsa koronawirus pandemiýa garamazdan söwda göwrümi ýokarlady.

Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä käbir ýeňillikler döredendigini mälim etdi.  Ýurdyň ähli howa ýollary kärhanalarynyň uçar saparlaryna ýapyk bolmagyna garamazdan, Türk howa ýollaryna Türkmenabad şäherine uçmaga rugsat beriljekdigini, pandemiýa sebäpli hiç bir ýurdyň ýük ulaglaryny geçmegine rugsat berilmeýärkä, türk sürüjilerine koronawirus testi etdirmek şerti bilen geçmeklerine rugsat beriljekdigini beýan etdi. 

Ministr Çawuşogly, öñümizdäki günlerde Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ  gatnaşmagynda Türkiýe-Türkmenistan ikitaraplaýyn sammit we Türkiýe-Türkmenistan- Azerbaýjan üçtaraplaýyn sammitiñ geçiriljekdigini habar berdi. Bu ýagdaý bolsa iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklaryñ hasam ösjekdiginiñ subutnamasydyr.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran iş saparynyñ ilkinji duralgasy Özbegistan boldy.  Özbegistanyñ Samarkand şäherinde Türkiýe Respublikasynyñ Baş konsullyk binasynyñ açylmagy we koronawirus pandemiýadan soñ uçar gatnawlarynyñ sanynyñ köpeldilmeginiñ kararlaşdyrylmagy Türkiýe- Özbegistan gatnaşyklarynyñ ösmäge başlaýandygynyñ  subutnamasydyr.

Ministr Çawuşoglynyñ Özbegistandaky taryhy şäherleri ( Hywa, Buhara, Samarkand) aýlanyp görmegi Özbegistanyñ syýahatçylyk pudagynyñ ösmegine uly goşant goşar. İş saparynda iki ýurduñ arasyndaky söwda gatnaşyklarynyñ ösdürülmegi meselesi ara alynan hem bolsa Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ Özbegistana gurajak resmi saparynda giñişleýin ara alynmagyna karar berildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran iş saparynyñ 3-nji duralgasy Gyrgyzystan boldy. Gyrgyzystan bilen söwda ylalaşyklary babatynda işler alynyp barylýar. Iki ýurduñ arasyndaky söwda göwrüminiñ 1 miliard dolara ýetirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Ministr Çawuşogly, Bişkekdäki iş sapary çäginde Türkiýe- Manas Uniwersitetinde Saglygy goraýyş merkezi we labaratoriýanyñ açylyş  dabarasyna gatnaşdy. Maarif Gazanasynyñ sebitdäki ilkinji mekdepleri Gyrgzystanda açylar.

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ Merkezi aziýa ýurtlaryna guran 6 günlik iş saparynda diplomatik gatnaşyklardan ykdysadyýete, energiýadan transporta, medeniýetden bilime çenli köp ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 2021-nji ýyl Türkiýe Respublikasynyñ Türki dilli döwletler bilen diplomatik gatnaşyklaryny iñ ýokary derejede bolar. 2021-nji ýylda Türk Geñeşiniñ başlyklyk wezipesi Azerbaýjandan  Türkiýä geçýär.

Häzirki wagta çenli Türkiye we Türki dilli ýurtlaryñ arasyndaky gatnaşyklary esasanam sungat we medeni ugurlardady. Bu nukdaýnazardanTürk Geňeşi, Türk dilli ýurtlaryň Parlamentar MejlisiTÜRKPA), Türki dilli ýurtlaryñ Halkara  Medeniýet Guramasy (TÜRKSOY), Türk akademiýasy, Ýunus Emre instituty ,Türk Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryjy Agentligi (TİKA) ýaly guramalar uly goşant goşýarlar.

Soñky ýyllarda Türkiýe, Hytaý we Russiýadan soñ Türki dilli ýurtlarda iñ uly 3-nji söwda şärigi boldy.  Türkiýe 1991-nji ýyldan bäri hemme taraplaýyn Türki dilli yurtlara goldaw bermäge dowam etdi we garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygynda hem ýanlarynda bolmaga dowam eder. 2021-nji ýyl Türkiýe we Türki dilli ýurtlaryñ gatnaşyklary ýyly bolar.

Habarlar