turki-ede-2021-nji-yl-mehmet-akif-erso-we-garassyzlyk-mukamy-yly-hokmunde

Türkiýede 2021-nji Ýyl “Mehmet Akif Ersoý” we “Garaşsyzlyk Mukamy Ýyly” hökmünde bellenilip geçiler

Prezident Rejep Taýyp Erdogan, 2021-nji ýylyň "Mehmet Akif Ersoý we Garaşsyzlyk Mukamy" ýyly hökmünde bellenilip geçirilmegi hakynda perman çykardy.

06 Mart 2021 20:13

Prezident R. T. Erdogan, 2021-nji ýylyň Mehmet Akif Ersoý we Garaşsyzlyk Mukamy ýyly hökmünde bellenilip geçirilmegi hakynda perman çykardy.

Prezident Erdoganyň goly bilen şu gün Resmi gazetde 2021/6 belgisi bilen ýer alan permanda, Garaşsyzlyk göreşiniň aldym berdimli günlerinde Mehmet Akif Ersoý tarapyndan ýazylan Garaşsyzlyk Mukamynyň 1921-nji ýylyň 12-nji martynda Milli Mukam hökmünde kabul edilendigi ýatladyldy.

Permanda, 2021-nji ýylyň Mehmet Akif Ersoý we Garaşsyzlyk Mukamy ýyly hökmünde bellenilip geçiljekdigi nygtaldy.

Bir ýylyň dowamynda Garaşsyzlyk Mukamynyň manysyny we Milli Azat edijilik görşiniň ähmiýetini gürrüň bermek maksady bilen halkyň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk Mukamynyň kabul edilen gününe bagyşlanyp medeni çäreleriň we Mehmet Akif Ersoýy hatyralama çäreleriniň geçiriljekdigi bellenildi.

Habarlar