turki-ede-olimpi-a-o-unlaryny-o-debaryjysy-selim-syrry-tarjan

Türkiýede Olimpiýa oýunlarynyñ öñdebaryjysy: Selim Syrry Tarjan

Türkiýede Olimpiýa oýunlarynyň öňdebaryjysy diýip kabul edilýän türgen Selim Syrry Tarjan dünýeden öten gününiñ 65 ýyllynda hormat bilen hatyralanýar.

04 Mart 2022 21:42

Selim Syrry Tarjan, 1874-nji ýylda şugünki gün Gresiýanyñ terrotoriýasynda galan Ýenişehir ( Larissa) şäherinde dünýä indi.

Kakasy Ýusuf begiñ 1876-njy ýyldaky Çernogoriýa söweşinde şehit bolmagy bilen Terjan  2 ýaşyndaka maşgalasy bilen Stambuldaky esger daýysynyñ ýanyna göçdiler.

Selim Syrry Tarjan, Galatasaraý orta mektebinde okaýarka Ali Faik begden gimnastika sapaklary aldy. Bu mektepde 8 ýyllap bilim alanyndan soñ harby inženerlik mektebini tamamlady.

Birnäçe wagtlap Izmir şäherinde bedenterbiýe mugallymy bolup işlän Tarjan tennis, agyr atletika, disk zyňmak, boks, feýting, göreş, ýüzmek, welosiped sürmek we futbol ýaly sportuñ görnüşleri bilen gyzyklandy.

Selim Syrry Tarjan, Osman Milli Olimpiýa Jemgyýetini esaslandyryp adyny Türkiýe sport taryhynda altyn harplar bilen ýazdyrdy.

Izmirde bedenterbiýe mugallymy bolup işläninden soñ Stambula gaýdyp gelen Tarjan, Galatasaraý mektebiñ fransuz dili mugallymy Juery bilen dost bolýar.

Tehniki uniwersitetde feýting we gimnastika sapaklary beren Selim Syrry Tarjan, 1907-nji ýylyň tomsunda dosty Juery arkaly Halkara Olimpiýa Komitetine täze agzalar toplamak üçin dünýä syýahatyna çykan Olimpiýa oýunlarynyň düýbüni tutujy Baron Pýer de Kubertin bilen tanyşýar.

Tarjan, Baron Pýer de Kubertiñ Osman Olimpiýa Birleşigini gurma işleğine kanagatlandyryjy oňyn jogap berip bilmedi, sebäbi şol döwürde Osman Imperiýada jemgyýet gurmak gadagandy. Şondan soň Kubertin Tarjany wekil edip belledi.

Soltan II Abdulhamidiñ 1908-nji ýylyñ 24-nji iýulynda II Konstitusiýa döwrüni yglan edeninden soñ Osman Olimpiýa Bileleşigini gurmak üçin işe goýuldy. Özi mugallym bolany üçin Bileleşigiñ başlygy wezipesine Hasip Baýyndyrlyogly Asaf we Jewat Rüştini belleýär.

1908-nji ýylyñ dekabr aýynda Halkara Olimpiýa Komitetine agzalygy kabul edilen Selim Syrry Tarjan, Osman Olimpiýa Jemgyýetini IOC-de ilkinji gezek 1909-njy ýylda Berlinde geçirilen maslahatda wekilçilik etdi.

Selim Syrry Tarjan, 1910-njy ýylda Lýuksemburg, 1911-nji ýylda Budapeşt, 1912-nji ýylda Stokgolm, 1913-nji ýylda Lozanna, 1914-nji we 1924-nji ýylda Pariž we 1925-nji ýylda Pragda geçirilen IOC-iñ maslahata hem gatnaşdy. 1911-nji ýyldaky Budapeştde geçirilen maslahatda Osman Imperiýasy Halkara olimpiýa komitetiniň agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi.

Türkiýede woleýbol we boks sportynyñ esaslandyryjysy

Selim Syrry Tarjan, Türkiýede woleýbol we boksyñ esaslandyryjysy bolup kabul edilýär.

1909-njy ýylda Şwesiýanyň Şa harby bedenterbiýe we gimnastika akademiýasyna başlap 2 ýyl dowam eden okuwy tamamlan Tarjan, ýurduna gaýdyp geleninden soň ýene bedenterbiýe mugallymy bolup işlemäge dowam etdi.

Tarjan, Osman imperiýasynda halk döredijiligini başladan ilkinji adamdyr. Egeý sebitinden zeýbek oýunlaryny Stambulyň şäher jemgyýetçiligine tanatmaga tagalla etdi.

Tarjan ömrüniň dowamynda 58 kitap we 2500 makala ýazdy we 1520 konferensiýa gatnaşyp tejribelerini paýlaşdy.

Selim Syrry Tarjan, 1923-1927-nji ýyllar aralygynda Türkiýe Milli Olimpiýa Komitetiniň (TMOK) başlygy wezipesini ýerine ýetirdi.

I Jahan Urşundan soñ 1919-njy ýyla “söweşe sebäp bolduklary” öñe sürlip Osman Imperiýasy, Germaniýa, Awstriýa-Wengriýa we Bolgariýa IOC-den çykaryldy. Bu döwletler uruşdan soñ  1920-nji ýylda geçirilen ilkinji olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmedi.

1922-nji ýylyñ 15-nji iýunynda Milli Olimpiýa Jemgyýeti ýerine Kaim Jihan Bäsleşiklerine Gatnaşma Jemgyýeti guruldy we başlyklyk wezipesine Hasip Baýyndyrlyogly bellendi.

1922-nji ýylyň 31-nji iýulynda Stambulda Ali Sami Ýeniñ ýolbaşçylygynda Türk Beden-terbiýe Assosiasiýalary bileleşigi döredildi.  Bileleşigiñ baş geñeşçisi wezipesine Selim Syrry Tarjan bellendi.

1923-nji ýylyñ 29-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyñ Garaşsyzlygy yglan edilenden soñ  2-nji noýabrda Türkiýe Milli Olimpiýa Jemgyýeti guruldy.

Birnäçe wagt býurokrat bolup işlän Selim Syrry Tarjan soň deputat  bolup saýlandy.

Selim Syrry Tarjan 1957-nji ýylyň 2-nji martynda Stambulda dünýeden ötdi.

Habarlar