turki-eden-gyrgyzystana-saglyk-koprusi-gyrgyzystan-turki-e-dostluk-hassahanasy

Türkiýeden Gyrgyzystana saglyk köprüsi: Gyrgyzystan-Türkiýe dostluk hassahanasy

Gyrgyz-Türk dostluk hassahanasy, Türk Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryjy Agentligi TIKA tarapyndan Gyrgyzystanyñ paýtagty Bişkekde 12 müñ inedördül metre golaý ýapyk meýdanda guruldy.

07 Ocak 2022 22:09

Näsaglara döwrebap we ýokary hilli hyzmat berýän hassahananyň 72 ýatagy bar. 2018-nji ýylda gurluşygy tamamlanan hassahana 2021-nji ýyldan başlap näsaglary kabul edip başlady. Türk we Gyrgyz saglygy gorayýş işgärleriniñ işleýän hassahanada kardiologiýa, damar we döş kesellerinde hyzmat berilýär.

Gyrgyz-Türk dostluk hassahanasynda laboratoriýa merkezleri, operasiýa otaglary, reanimasiýa bölümleri we köp sanly şekillendiriş ulgamy bar.

Gyrgyz-Türk dostluk hassahanasynda laboratoriýa merkezleri, operasiýa otaglary, reanimasiýa bölümleri we köp sanly şekillendiriş ulgamy bar.

Ylalaşyga görä hassahanany üç ýylyň dowamynda iki ýurduň wezipelileri dolandyrar.

Gyrgyz-Türk dostluk hassahansy, Gyrgyzystanda koronawirus epidemiýasyna ýolugan hassalaryñ bejergisi üçin wagtlaýyn açyldy.

Habarlar