turki-ge-esi-bas-sekretary-bagdat-amre-ew-3-nji-okt-abr-turki-dilli-urtlary-h

Türki Geñeşiñ baş sekretary Bagdat Amreýew 3-nji oktýabr Türki dilli ýurtlaryñ hyzmatdaşlyk gününi gutlady

Türki Geñeşiñ baş sekretary Bagdat Amreýew 3-nji oktýabr Türki dilli ýurtlaryñ hyzmatdaşlyk güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesi çap etdi.

03 Ekim 2021 15:30

Türki Geñeşiñ baş sekretary Bagdat Amreýew çap eden gutlag ýüzlenmesinde 2020-2021-nji ýylyñ Türk dünýäsi üçin üstünlikli döwir bolandygyny belläp; 2020-2021-nji ýylda başda Azerbaýjanyñ topraklaryny basyp alyşlykdan azat edip ýañadan toprak bitewiligini üpjün etmegi ýaly köp ugurda uly üstünlikler gazanylandygyny we Türki Geñeşiñ hasam güýçlenendigini nygtady.

Baş sekretar Amreýew, “ Türki dilli ýurtlaryñ hyzmatdaşlyk güni” diýip bellenýän, Türki dilli ýurtlaryñ arasyndaky hyzmatdaşlygy döreden Nahçywan ylalaşygynyñ 12 ýyllygy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde: “ Türki Geñeşiñ on ýyl ýaly az wagtyñ dowamynda sebitde we bütindünýäde hormatlanýan we güýçli bir gurama öwrülip uly üstünlikler gazandy. Kowronawirus epidemiýasy sebäpli bütindünýäde kyn bir döwür geçirilmegine garamazdan 2020-2021 ýyl Türk dünýäsi üçin üstünlikli ýyl boldy. Azerbaýjan basyp alyşlyk astyndaky topraklaryny azat edip ýañadan toprak bitewiligi üpjün etdi. Köp sanda gazanylan üstünlikler bilen bitewiligimiz hasam pugtalandy. 44 günläp dowam eden Azerbaýjanyñ “ Watançylyk söweşinde Türki Geñeşi ähli agza döwletleri adyna Azerbaýjana goldaw berdi we gazanylan ýeniş ähli döwletlerimiz üçin buýsanç çeşmesi boldy”-diýildi.

Baş sekretar Amreýew, “ 2021-nji ýylda geçirilen Türkistan sammitine kabul edilen karar bilen agza ýurtlaryñ döwlet baýdaklarynyñ edil ýanynda Türki Geñeşiñ baýdagyny ornaşdyrmagy bilen agzybirlik we jebisligi orta goýdular. Bu, Türki Geñeşe iñ ýokary derejede duýulýan ynamyñ we baglylygyñ aýdyñ subutnamasydyr. Doganlyk Türkmenistanyñ Türki Geñeşiñ düzümine goşulmagy bilen guramamyz hasam baýlaşar, güýçlener we hyzmatdaşlygymyza täze bir itergi berer”-diýdi.

Türki Geñeşiñ üçegi astynda ykdysadyýetden aragatnaşyk pudagyna, saglygy goraýyş pudagyndan bilime, ýaşlyk we sport pudagyndan syýahatçylyk pudagynda 20-den gowrak hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryñ durmuşa geçirilendigine ünsi çeken baş sekretar Amreýew, orta we kiçi göwrümli kärhanalara goldaw bermegi maksatlaýan Türk Maýagoýum Gaznasynyñ ýakyn gelejekde döredilmegi üçin ykdysady hyzmatdaşlyk pudagynda alynyp barylýan tagallalaryñ miwelerini berjekdigini aýratyn belläp geçdi.

Koronawirus pandemiýasy döwründe Geñeşiñ utgaşykda hereket edendigini nygtan Amreýew: “Bütindünýä saglygy goraýýş guramasy bilen hyzmatdaşlyga başladyk, her pudakda pandemiýadan soñky döwri meýilnamamyza goşduk. Oba-hojalygy, suw, göç ýaly täze hyzmatdaşlyk pudaklarynda iş alyp bardyk.”-diýdi.

Baş sekretar Bagdat Amreýew 2021-nji ýylyñ noýabr aýynda geçiriljek Stambul Sammitiñ üstünde durup Türk Dünýäsi 2040 maksatnamasy üçin täze maksatnama we tagallalar bilen türki dilli döwletler arasyndaky hyzmatdaşlygy hasam pugtalandyryp täze bir tapgyra girer  diýdi.

Habarlar