turki-ge-esine-agza-urtlary-transport-ministrleri-wengri-ada-dususar

Türki Geňeşine agza ýurtlaryň transport ministrleri Wengriýada duşuşar

14-nji oktýabrda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk Geňeşine(Türki Geňeşi) agza ýurtlaryñ transport ministrleriniň 5-nji maslahaty geçiriler.

14 Ekim 2021 17:08

Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk Geňeşi tarapyndan mesele boýunça berilen beýannamada Wengriýanyñ innowasiýa we tehnologiýa ministrliginiñ  ýer eýeçiliginde geçiriljek maslahata Türki Geňeşiniň agzasy we synçy döwletleriň transport ministrleri, şeyle-de  hormatly myhman hökmünde Türki Geňeşiniň Aksakallar Geňeşiniň Türkiýe agzasy Binali Ýyldyrym gatnaşar.

Maslahatda pandemiýadan soňky döwürde Trans-Hazar halkara gündogar-günbatar merkezi ulag koridorynyň üsti bilen transport we tranzit amallaryny ýeňilleşdirmek üçin görüljek çäreler, merkezi ulag koridorda durmuşa geçirilmegi  meýilleşdirilýän Kerweniň tanyşdyryş syýahaty, eTIR, ePermit we eCMR programmalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyñ çäginde agza döwletleriň arasynda transport we üstaşyr amallaryny sanlaşdyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşikleriň we maslahatyñ netijesinde “Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň arasynda halkara kombinirlenen ýük transport şertnamasyna” gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Maslahatyñ çäginde Mersin porty bilen Özbegistandan 3 sany logistika we ýük merkeziniñ "Türki Geňeşine agza döwletleriň portlarynyň arasyndaky doganlyk port gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy baradaky düşünişmek resminamalara gol çekişlik dabarasy geçiriler.

Transport ministrleriniň maslahatynyñ öňi syrasynda " transport ministrlikleriniň hünärmenleriniň iş toparynyň 10-njy maslahaty " geçiriler.

Habarlar