turki-ni-amas-a-s-heri-sy-ahatcylary-garas-ar

Türkiýäniñ Amasýa şäheri syýahatçylary garaşýar

Medeni syýahatçylygyň esasy merkezleriniň biri bolan, Osman şazadalarynyñ ilkinji bilimini alan we döwlet dolanyşygyny öwrenen Amasýa şäheri, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

20 Mayıs 2022 18:21

ÝUNESKO-nyñ bütindünýä mirasynyñ wagtlaýyn sanawynda orun alýan Harşena Dagy bilen Pontus şa gaýalyk mazarlary, muzeýleri, Soltan II Baýazid Toplumy, Gyzlar köşgi, ýaşyl derýanyñ iki kenaryndaky ýalyboýu öýleri, taryhy köçeleri, Hititlerden Parslara, Rimlilerden Osmanlylara çenli köp sanly siwilizasiýanyň mekany bolan 8500 ýyllyk taryhy gymmatlyklary özünde jemleýän Amasýa, tebigy gözellikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän şäherleriň arasynda orun alýar.

Beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň 1919-njy ýylyň 22-nji iýunynda "Milletiň garaşsyzlygyny milletiň yhlasy we karary halas eder" sözleri bilen bütindünýä milletiñ garaşsyz, özbaşdak ýaşama erkini yglan eden şäheri bolan Amasýa syýahatçylary garaşýar.

Eýe bolan medeni gymmatlyklary, şypahanalary, daşky gurşawy we aw syýahatçylygy bilen Amasýa şäherine gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçtlaryñ sanyny köpeltmegi maksatlaýan Amasýa şäher häkimligi tarapyndan işler alynyp barylýar.

Habarlar