turki-ni-azi-a-we-ewropa-acylmagyny-upjun-ed-n-ulag-taslamalary-dasary-ur

Türkiýäniñ Aziýa we Ýewropa açylmagyny üpjün edýän “ulag taslamalary” daşary ýurtly maýa goýujylaryň ünsüni özüne çekýär

Türkiýe diñe geografiki aýratynlyklary bilen däl eýsem taryhy, medeni we ykdysady aýratynlyklary bilen daşary ýurtly maýa goýujylara uly mümkinçilikler hödürleýär.

15 Nisan 2021 23:44

Diñe geografiki aýratynlyklary bilen däl eýsem taryhy, medeni we ykdysady aýratynlyklary bilen daşary ýurtly maýa goýujylara uly mümkinçilikler hödürleýän Türkiýe, sebit söwdasyny hasam hereketlendirjek, syýahatçylyk pudagyny janlandyrjak köp sanda ulag we logistika ulgamynda, şol sanda port mümkinçiliklerini peýdalanmakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň taslamalar toplumuny durmuşa geçirýär. 

Türkiýede 2002-nji ýyldan bäri " täze ulag we kommunikasiýa pudaklarynyň ösdürilmegi" strategiýasyna laýyklykda giň taslamalar toplumuny durmuşa geçirýär. 

Türkiýede häzirki zaman köp sanda ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. 

Türkiýede halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa menzilleri, demir ýol menzilleri, deňiz portlary gurulýar. Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikelmegine ýol açýar, syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna şert döredýär. Logistika adalgasy häzirki döwürde ulaglar ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek jähetinden örän ýörgünlidir. Halkara hyzmatdaşlygynda logistika adalgasyna önümiň, harydyň ýa-da hyzmatyň dolandyryş ulgamyny ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Şeýlelikde, logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.

2003-nji ýyldan bäri Türkiýäniň bitewi ösüşi üçin ulag we kommunikasiýa pudaklarynyň ähli ugurlarynda köp sanda uly we möhüm taslamalary üçin 910,3 milliard lira maýa goýuldy.

Ulag logistikasy pudagyndaky taslamalar, 2071-nji ýyla emin gadamlar bilen barýan Türkiýäniñ iň möhüm dinamikasy hökmünde kabul edilýär.

Halkara gatnawlaryñ sany köpelýär

Türkiýäniñ ulag ulgamy, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda ýurduñ çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem demirýoly ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar.

Halkara howplaryna garşy Türkiýäniň kiber howpsuzlygyny üpjün etmek we süýümli aragatnaşyk infrastrukturasy we giň zolakly aragatnaşygyň tutuş ýurtda giñden ulanylmagy göz öňünde tutýar.

“Ykdysady girdeýjiler” Pekinden Ýewropa çenli uzanýar

Türkiýäniñ geopolitik orny ýük gatnawlary taýdan strategik ähmiýete eýe bolup Gara deňziniň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýär.

Hytaýyñ paýtagy Pekinden başlaýan ýük otly gatnawy Hazar deñzini açyp Türkiýä gelýär we bu ýerden Ýewropa gidýär.

 “Demirgazyk otly liniýasy” diýip bilinýän Hytaý- Russiýa ( Sibir) demiryoly üstünden Ýewropa gitjek ýyllyk 5 mün otlynyñ 30 göteriminiñ Türkiýänin üstünden geçmegi üçin işler alynyp barylýar.

Orta Koridor we Bakuw-Tbilisi- Kars demirýoly liniýasyndan ýylda 1500 otlynyñ geçmegi we Hytaý- Türkiýe ugrunda gidýän ýük otlynyñ 12 günlik syýahatynyñ 10 güne aşaklatmak maksatlanýar.

Deñız ýoly gatnawlary bılen söwda gatnaşyklary ösdürülýär

Deñiz ýük gatnawlary boýunça Türkiýe Azerbaýjan, Türkmenistan, Gruziýa, Ukraina, Özbegistan, Belarusiýa, Gazagystan we Moldowa bilen şertnamalar baglaşyldy. Bu tapgyr Sloweniýa, Eýran, Yrak, Gyrgyzystan, Litwa we Pakistan üçin dowam edýär.

Habarlar