turki-ni-dasary-isler-ministirligi-3-nji-okt-abr-turki-dilli-urtlary-hyzmat

Türkiýäniñ daşary işler ministirligi, 3-nji oktýabr Türki dilli ýurtlaryñ hyzmatdaşlyk güni bilen gutlady

Türkiýäniñ daşary işler ministirligi, 3-nji oktýabr-Türki dilli ýurtlaryñ hyzmatdaşlyk güni mynasyberli gutlag ýüzlenmesi çap etdi.

03 Ekim 2021 14:43

Türkiýäniñ daşary işler ministirligi tarapyndan çap edilen ýazmaça beýannamada, Türki Geñeşiñ döredilmegi üçin Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan we Gyrgyzystan  döwletleri arasynda  2009-njy ýylyñ 3-nji oktýabrynda gol çekişilen Nahçywan ylalaşygynyñ 12 ýyllygy gutlandy.

Beýannamada” Şu güniñ umumy geçmişi bolan halklarymyzyñ geljegine umyt bilen garap agzybirlik we raýdaşlyk ruhuny berkitmäge mümkinçilik bolar diýip umyt edýäris. 2021-nji ýyl Türki dilli döwletleriñ Garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygy we Nahçywan ylalaşygynyñ 12 ýyllygy bolmagy mynasybetli uly joşgun we buýsanç bilen bellenýär. Türk Geñeşine täze agza we synçy ýurtlaryñ gatnaşmagyndan we Türki dilli ýurtlar arasyndaky hyzmatdaşlygyñ hasam pugtalanmagyndan uly begenç duýýarys” diýildi.

Beýannamada, Türk dünýäsiniñ umumy dil, taryh we medeni gymmatlyklarynyñ hyzmatdaşlygyny wekilçilik edýän Türki Geñeşiñ häzirki wagtda bolşy ýaly mundan beýlägem sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyk, agzybirlik we durnuklulygyñ üpjün edilmegi üçin hyzmat etjekdigi bellendi.

Bu çäkde 2021-nji ýylyñ 27-njji sentýabrynda Türkiýäniñ ýer eýeçiliginde Stambul şäherinde Türki dilli ýurtlaryñ daşary işler ministirleriniñ Owganystan güntertibi bilen geçiren nobatdan daşary maslahatynyñ Türki Geñeşiñ bütindünýäde agzybirlik we parahatçylyga goşant goşmak üçin tagallasyny orta goýandygy ýatladyldy.

Beýannamada:” 2021-nji ýylyñ 12-nji noýabrynda Türki Geñeşiñ 8-nji sammiti Stambul şäherinde geçiriler. Türkmenistanyñ sammite synçy döwlet statusynda gatnaşmagy bilen maşgala suradymyz tamamlanar. Türki Geñeşiñ öñümizdäki ýyllarda hasam ösmegi üçin möhim kararlaryñ kabul ediljek Stambul sammitiñ Türk dünýäsiniñ agzybirlik we raýdaşlygynyñ hasam pugtalanmagynda goşant goşjakdygyna ynanýarys”- diýildi.

Habarlar