turki-ni-dasary-isler-ministri-cawusogly-dusenbede-turk-isewurleri-bilen-dusus

Türkiýäniñ daşary işler ministri Çawuşogly Duşenbede Türk işewürleri bilen duşuşdy

Ministr Çawuşogly, Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň ministrler derejesindäki 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistana iş sapary bilen bardy.

29 Mart 2021 09:48

Resmi sapar bilen Täjigistana baran daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Duşenbede türk işewürleri bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly, türk işewürleri bilen bolan duşuşygynda Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyz Respublikasyna sapar gurandygyny, soň Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi bilen duşuşandygyny ýatladyp, Orta Aziýa we Türk dünýäsi bilen edilýän gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, twitterden sapary hakynda beren beýanatynda “Duşenbede ilkinji nobatda Täjigistan bilen edýän gatnaşyklarymyza uly goşant goşýan işewürlerimiz bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Ministr Çawuşogly, Täjigistan bilen Owganystanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň ministrler derejesindäki 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistana iş sapary bilen bardy

Türkiýäniñ daşary işler ministirligi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada 2021-nji ýylyñ 28-30-njy mart aralygynda Täjigistana guralýan resmi sapary çäginde ministr Çawuşogly Täjigistanly kärdeşi Sirožiddin Muhriddin bilen duşuşjakdygy we soñ bolsa prezident Imomali Rahmon taparyndan kabul ediljekdigi habar berildi.

Habarlar