turki-ni-dasary-isler-ministri-cawusogly-gazagystany-prezidenti-toka-ew-bile

Türkiýäniñ daşary işler ministri Çawuşogly, Gazagystanyñ prezidenti Tokaýew bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdy

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazagystanyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdy.

24 Şubat 2022 15:58

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly özüniñ twitter hasabyndan beren beýanatynda Gazagystana gurajak resmi saparynyñ öñi syrasynda etdiren PCR testinde koronawirusa ýolugandygyny mälim etdi.

Ministr Çawuşogly, Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen wideo aragatnaşyk ulgamy bilen geçiren duşuşugy barasynda “ Gazagystan bilen gatnaşyklarymyzy her pudakda ösdürmäge ygrarly bolandygymyzy tassykladyk”-diýdi.

Gazagystanyñ wise-premýeri we daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen Strategiki Meýilleşdiriş Toparynyň maslahatyny hem wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirendiklerini bellän Çawuşogly,: “ Türkiýe we türki döwletleriñ guramasynyñ Gazagystan bilen arkalaşygyny we goldawyny tassykladyk"-diýdi.

Habarlar