turki-ni-dasary-isler-ministri-mewlut-cawusogly-gyrgyzystan-turki-e-manas-uniw

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gyrgyzystan-Türkiýe Manas Uniwersitetinde talyplara ýüzlenip çykyş etdi.

daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gyrgyzystan-Türkiýe Manas Uniwersitetinde geçirilen Antalýa Diplomatiýa Forumda çykyş etdi.

10 Mart 2021 19:07

daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly eden çykyşynda 1995-nji ýylda düýbi tutulan uniwersitetden şugünki güne çenli 9 mündeñ gowrak talybyñ uçurym bolandygyny aýtdy.

 Türkiýe- Gyrgyzystan gatnaşyklarynyñ 2011-nji ýylda strategik şäriklik derejesine ýetendigini  nygtan ministr Çawuşogly; “ Şugünki gün ykdysadyýetden, medeniýete, bilimden saglygy goraýyş pudagyna çenli köp uğurda hyzmatdaşlygymyz pugtalanýar. Koronawirus epidemiýasy döwründe doganlyk Gyrgyz halkyna medisina enjamlary kömegi ugratdyk. Gyrgyz-Türk Dostluk Hassahanasy karantin maksatly ulanylmagy üçin degişli guramalara tabşyrdyk” diýdi.

Daşary syýasatda täzelikçi bolmagyň zerurdygyny bellän Çawuşogly "Häzirki wagtda her adamyñ görýän bir hakykat bar. Ol hem Aziýa hakykaty. 21-nji asyr Aziýa asyry bolar. Biz Aziýanyň taryhy bölegi hökmünde “Ýañadan Aziýa” hereketini başlatdyk bu hereketiñ maksady Aziýa bilen has güýçli aragatnaşyk gurmak we ýewropa-Atlantik bilen ýagny dünýäniň 1-nji we 2-nji ykdysady sebitleriniň arasynda tutýan ornumuzy bähbite öwürmek. "-diýdi.

Ministr Çawuşogly Türkiýe we Merkezi Aziýa ýurtlary arasynda transport we aragatnaşyk ulgamlarynyñ güýçlendirme maksaklaýandyklaryny nygtap 3 doganlyk ýurt Türkmenistan, Azerbaýjan we Gyrgyzystana  guralan iş saparyñ hem bu maksadyñ bir bölegi bolandygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly eden çykyşyndan soñ Uniwersitetiñ rektory Alparslan Jeýlanyñ ýolbaşçylygynda geçirilen maslahatda Gyrgyz kärdeşi Ruslan Kazakbaýew bilen soraglara jogap berdi.

Habarlar