turki-ni-dasary-isler-ministri-mewlut-cawusogly-ozbegistanda-saparda-bol-ar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanda saparda bolýar

Resmi sapar bilen Özbegistana baran Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, gadymy Hywa şäherine baryp gördi

07 Mart 2021 15:36

Özbegistanyň territoriýasynyň çäginde 1511-1920-nji ýyllar aralygynda höküm süren Hywa hanlygynyň paýtagty bolan Hywa şäherine gezelenç eden Mewlüt Çawuşogly, Özbegistanyň metbugatynada beýanat berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Prezident Şewket Mirziýoýewiň liderligi saýasynda örän gowy sepgide ýetendigini beýan etdi. 

Taraplaryň gatnaşyklaryny medeniýet, syýahatçylyk, bilim we oba hojalyk ýaly ugurlar boýunça has hem ösdürmek isleýändigine ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly, mundan başgada Türk Dünýäsiniň jebisligi, sebitiň durnuklylygy we abadançylygy üçin hem bilelikde işleşýändiklerini habar berdi. 

Prezident Erdoganyň, Hywa, Buhara we Samarkand ýaly şäherlerde myhmanhanalaryň gurulmagy babatynda türk kärhanalaryna görkezme berendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Türk howa ýollar kärhanasynyň hem koronawirus epidemiýasyndan soň Buhara şäherine uçmak isleýändigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, uçar saparlarynyň başlamagyndan soň Türkiýäniň çar tarapyndan raýatlaryň bu ýere gelip, taryhy gözellikleri we taryhy medeni eserleri görmek islejekdiklerini habar berdi. 

Habarlar