turki-ni-dasary-isler-ministri-mewlut-cawusogly-ozbegistany-prezidenti-sawkat

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistandaky iş sapary çäginde Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

09 Mart 2021 17:20

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly kabul edilişikden soñ metbugata beýanat berdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewe Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ salamyny ýetirendiklerini nygtan ministr Çawuşogly Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniñ 2-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Prezident Erdoganyñ  Özbegistana sapar gurajakdygyny we kabul edilişikde geñeşiñ taýarlyklary meselesi boýunça maglumat berendigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ hemmetaraplaýyn ösdürülmegi meselesiniñ ara alynandygyny aýtdy.

Prezident Mirziýoýewe kabul edilşik we netijeli gepleşikler üçin sagbolsun aýdan ministr Çawuşogly iñ ýakyn wagtda maşgalasy bilen ýañadan Özbegistana gelip Fergana sebitine baryp görjekdigini habar berdi.

Ministr Çawuşogly, " Özbegistana guralan  iş saparynda köp sanda taryhy şäherleri gezip gördük we ol ýerdäki taryhy, sungat we medeni gymmatlyklara şaýat bolduk. Özbegistan köp sanda alymyñ ýurdudyr. Bizi hemme ýerde myhmansöýerlik bilen garşyladyar”-diýdi.

Çawuşogly “  iki ýurduñ liderleriniñ tagallasy bilen 4 ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz hemme pudakda ösdi. Biziñ uly potansialymyz bar. Gatnaşyklarymyzy has ýokary derejä ýetirmek üçin tagalla edýäris” diýdi.

 

 

Habarlar