turki-ni-dasary-isler-ministri-mewlut-cawusogly-we-gyrgyzystany-dasary-isler

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Gyrgyzystanyñ daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilelikde metbugat ýygnagy geçirdi

Minist Mewlüt Çawuşogly, Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitetiniň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nyşanydygyny belledi.

10 Mart 2021 14:13

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Gyrgyzystanyñ daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew ikiçäk we toparara geçirilen gepleşiklerden soñ bilelikde metbugat ýygnagy geçirdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly, bilim ýada beýleki ugurlarda Fetullahçy terror guramasy FETÖ ýaly gurmalara ýer berilmeli däldigine ünsi çekip “FETÖ diňe biziň üçin däl eýsem Gyrgyz Respublikasy üçin hem  howply” diýdi.

Iki ýurduň ylym we bilim pudagynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtan Çawuşogly, Magarif Gaznasynyň Gyrgyzystanda başlangyç synp mekdebinden orta mekdebe çenli mekdep açjakdygyny belledi.

Çawuşogly, “Magarif mekdebi, Orta Aziýada açyljak ilkinji Magarif mekdebi bolar. Bu ýagdaý Gyrgyz Respublikasyna uly ähmiýet berýändigimizi görkezýär” diýdi.

Ministr Çawuşogly ýokary derejeli strategik geñeşiñ 5-nji maslahatynyñ Türkiýede geçirilmegini meýilleşdirýändiklerini nygtap bu ugurda işleriñ alynyp barylýandygyny aýtdy.

Çawuşogly, iki ýurduñ arasyndaky söwda göwrüminiñ kowid-19 epidemiýasyna garamazdan azalmadygyny nygtap, söwda göwrümini 1 miliard dolara ýetirmegi maksatlaýandyklaryny aýtdy. Çawuşogly: “ Bu maksada ýetmet üçin söwda şertnamasy gepleşiklerine başlamak we mümkin boldugyça gysga wagtda bu şertnama gol çekmek peýdaly bolar. Soňra erkin söwda şertnamasyny baglaşmak we gol çekmek isleýäris "-diýdi.

Çawuşogly, iki ýurduñ hemişe arkalaşykda bolandygyna ünsi çekip koronawirus epidemiýasy döwründe Türkiýäniñ doganlyk Gyrgyz halkyna ätiýaç  duýýan medisina enjamlaryny ugradandygyny we ätiýaç bolan ýagdaýynda Türkiýäniñ ýene kömek etmäge taýyn bolandygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly Türkiýäniñ ähli mümkünçilikleri bilen Gyrgyzystanyñ Birleşen Milletler Guramasynyñ Howpsuzlyk Geñeşine agzalygyna goldaw berjekdigini mälim etdi.

Iki ministr Türkiýe Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy Daşary işler ministirlikleri arasynda 2021-nji ýyl üçin Hyzmatdaşlyk meýilnamasyna we Türkiýe Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy Daşary işler ministirleri Bilelikdäki jarnama gol çekdi.

Habarlar