turki-ni-dasary-isler-ministrligi-sultan-ra-ewi-t-ze-wezipesi-bilen-gutlady

Türkiýäniñ daşary işler ministrligi Sultan Raýewi täze wezipesi bilen gutlady

Türkiýäniñ daşary işler ministrligi ,TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarlygy wezipesine saýlanan Sultan Raýewe üstünlikler arzuw etdi.

31 Mart 2022 19:35

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýannamada, ”2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” bolan Bursada geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministrleriñ hemişelik geñeşiniñ nobatdan daşary maslahatynda TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarlygy wezipesine saýlanan Sultan Raýewe  wezipesinde uly üstünlikler arzuw edildi.

Baş sekretarlyk wezipesini Raýewe tabşyran Düsen Kaseinowa alyp baran üstünlikli işleri üçin sagbolsun aýdylan beýannamada: “TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Sultan Raýewe täze wezipesinde üstünlikler arzuw edýäris. Türki dünýäsiniñ esasy guramalaryndan biri bolan TÜRKSOÝ-uñ mundan beýläk hem alyp barjak işlerinde hemişe bolşy ýaly goldaw  berilmäge dowam ediler”-diýildi.

Habarlar