turki-ni-durmusa-geciren-uly-infrastruktura-taslamalary

Türkiýäniñ durmuşa geçiren uly ınfrastruktura taslamalary

Türkiýäniñ ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly: “ Bakuw-Tbilisi-Kars” demirýoly taslamanyñ durmuşa geçirilmeginden soñ Pekinden Londona çenli demirýoly gatnawy üpjün edildi. Mundan beýläk otlylarymyz Hytaýa, Russiýa we Ýewropa gider” diýdi.

11 Mart 2021 16:24

Türkiýäniñ ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly beren beýanatynda, koronawirus epidemiýasyna garamazdan infrastruktura pudagyna  köp maýagoýumlaryñ  goýulandygyny aýtdy.

Uly taslamalaryñ 2020-nji ýylda durmuşa geçirilendigini nygtan ministr Karaismailogly: “ Ankara-Nigde we Demirgazyk Marmara awtoulag ýoly bilen Samsun-Siwas demirýoly ýaly köp sanda uly taslamalary durmuşa geçirdik. 2021-nji ýylyna hem netijeli başladyk.TURKSAT 5A emeli hemramyz, Kömürhan Köprüsi ýaly köp sanda açylyş dabaralarymyz we düýbüni tutma çärelerimiz dowam edýär.” diýdi.

Ministr Karaismailogly, 2009-njy ýylda Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ ýolbaşçylygynda ýokary tizlikli otly gatnawyñ başladylandygyny ýatladyp demirýoly liniýalarynyñ sanynyñ köpelýändigini aýtdy. Bu çäkde Ankara-Stambul, Ankara- Konýa we Ankara-Eskişehir ýokary tizlizli otly gatnawlary dowam edýär.

Ministr Karaismailogly, Konýa- Karaman arasynda ýokary tizlikli  demirýoly liniýasynyñ gurluşygy dowam edýär we iýun aýynda liniýanyñ gurluşugyny tamammlarys. Bakuw-Tbilisi- Kars demirýoly taslamasynyñ durmuşa geçirilmegi bilen Pekinden Londona üznüksiz otly gatnawy üpjün edildi. Bakuw-Tbilisi- Kars demirýoly arkaly otlylarymyz Hytaýa, Russiýa we ýewropa gidýär. Ankara-Siwas ýokary tizlikli demiryolu hem uly demirýoly liniýalarymyzdan biri.”-diýdi.

Habarlar