turki-ni-elazyg-s-herinde-urartu-dowrune-degisli-2800-yllyk-acyk-howa-ybadat

Türkiýäniñ Elazyg şäherinde Urartu döwrüne degişli 2800 ýyllyk "açyk howa ybadathanasy" gün ýüzüne çykaryldy

Türkiýäniñ Elazyg şäherinde taryhy Harput galasynda Urartu döwrüne degişli 2800 ýyllyk "açyk howa ybadathanasy" gün ýüzüne çykaryldy.

18 Nisan 2021 21:35

Harput galasynyñ günorta günbatar böleginde tebigy gaýalaryñ oýulmagy bilen gurbanlyk we oturma ýerleri ýaly tapawutly maksatlar üçin dirli şekil we ululykda oýuklardan dörän açyk howa ybadathanasy gün ýüzüne çykaryldy.

Fyrat uniwersitetiniñ mugallymy we Harput Galasy gazuw-agtaryş işleriniñ başlygy Prof. Dr. Ysmaýyl Aýtaç  beren interwýusynda maksatlarynyñ gün ýüzüne çykarylan açyk howa ybadathananasynda ediljek abatlaýyş işlerinden soñ açmak bolandygyny aýtdy.

Prof. Dr. Ysmaýyl Aýtaç, Harput galasyndaky arheologiki gazuw-agtaryş işleri bilen gadymy döwürlerden zamanamyza çenli köp sanly siwilizasiýanyň yzlaryny gün ýüzüne çykarmaga tagalla edýändiklerini nygtady.

Aýtaç, Harput galasynda gün ýüzüne çykarylan Urartu döwrüne degişli 2800 ýyllyk açyk howa ybadathananyñ taryhy we medeni taýdan uly ähmiýete eýe bolandygyna ünsi çekdi.

Aýtaç, “Urartularyñ günbatar serhedi Harput Galasynda üç sany mukaddes ýeriñ anyklanandygyny we bu ýere günbatar tarapdan 30 basgançak demirgazyk tarapa ýöräp ýetilýär. Basgançaklardan çykanyñyzda iñ depede bir taht bölümi we töwereginde zamanamyza gelip ýetmeýän relýefler bar. Bu ýerde dini ybadathana geçirilýärdi. Taht bölüminiñ edil aşagynda gurban kesilýän ýer we aşaky basgançaklarda bolsa dini dabara tomaşa etmäge gelen adamlar oturýardy.”-diýdi.

Aýtaç, Harput galasynda açyk howa ybadathananyñ gurdurulmagynyñ Urartularyñ bu gala uly ähmiýet berýändigini bize görkezýändigini nygtap bu ybadathananyñ gün ýüzüne çykarylmagy Harputuñ ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawyunda orun almagyna uly goşant goşjakdygyny belledi.

Aýtaç, bu ugurdaky barlaglaryñ dowam edýändigini we başga sebitlerdäki mukaddes ýerler bilen deňeşdirip has anyk maglumatlara ýetip boljakdygyny, geljekki okuwlarynda we neşirlerinde ybadathana hakkynda has giñişleýin maglumat beriljekdigini aýtdy. Aýtaç, maksatlarynyñ bu mukaddes ýerleri ýañadan janladyryp turizme goşmak bolandygyny aýtdy.

Habarlar