turki-ni-erzinjan-wela-aty-turistiki-kemali-e-etraby-asuda-s-herler-ulgamyna

Türkiýäniñ Erzinjan welaýatyñ turistiki Kemaliýe etraby asuda şäherler ulgamyna girizildi

Taryhy we medeni gymmatlygy bilen tapawutlanýan Erzinjanyň syýahatçylyk etraby Kemaliýe, Türkiýäniň Cittaslow (asuda şäherler) ulgamyna girizilen 21-nji şäherçesi boldy.

02 Nisan 2022 10:14

2022-nji ýylyň 26-njy martynda onlaýn görnüşde geçirilen Cittaslow Halkara Geňeşiň mejlisinde Kemaliýe etraby asuda şäherler ulgamyna girizildi.

Ozalky ady “ Egin” bolan we Beýik ýüpek ýolunyñ ugrunda orun alýan etrabyñ ady, 1922-nji ýýlda Azatlyk Söweşinde etrap halkynyñ Kuwaýi Milliýe güýçlerine beren goldawlary mynasybetli Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan “ Kemaliýe” diýip üýtgedildi.

Taryhda köp sanda siwilizasiýa ýer eýeçiligi eden we özboluşly nbinagärligi bilen Anadolunyñ medeni mirasynyñ nusgalaryny özünde jemleýän etrap 2021-nji ýylyñ 30-njy aprelinde ÝUNESKO-nyñ bitindünýä wagtlaýyn miras sanawyna girizildi.

ÇEKÜL gaznasynyň "7 sebit we 7 şäher" taslamasyna gatnaşýan we Taryhy şäherler bileleşiginiň esaslandyryjy agzasy bolan Kemaliýe, Daşky gurşaw, şäherleşme we howanyň üýtgemegi ministrligi tarapyndan 2003-nji ýylda syýahatçylygyň ileri tutulýan sebit häkimliginiň sanawyna saýlandy.

Kemaliýe şäheriniň häkimi Mehmet Karaman, etrabyň tebigy we medeni ölçegleri bilen dünýäde seýrek duş gelýän ýerleriň biridigini aýtdy.

Habarlar

TRT Avaz web sitesi çerez kullanmaktadır. Sitede gezinmeye devam ederek, çerez kullanımımızı kabul etmiş olursunuz.
Daha fazla bilgi için "Çerez Politikası" metnini okuyabilirsiniz.