turki-ni-gaziantep-wela-aty-geografiki-gorkezijileri-hasaba-almakda-b-ni-gec

Türkiýäniñ Gaziantep welaýaty, geografiki görkezijileri hasaba almakda ÝB-ni geçdi

Türkiýe, geografiki görkezijileri hasaba almakda köp sanly ýurdy geçdi. Soñky 20 ýylda Ýewropa Bileleşiginiñ 29 sany önümi bellige alyndy. Türkiýäniñ Gaziantep welaýatyñ bolsa 2001-nji ýyldan bäri 32 sany önümi geografiki görkezijili bolup hasaba alyndy.

24 Eylül 2021 19:41

Türkiýede geografiki görkeziji bolup hasaba alnan önümleriň sany günsaýyn artýar. Geografiki görkezijiler ulgamy ýurtda 1995-nji ýyldan bäri işleýär. Türkiýede şugünki güne çenli 882 sany önüm geografiki görkeziji bolup hasaba alyndy.

Ýerli önümler we geografiki görkezijiler Türkiýe Barlag torunyň başlygy Prof. Dr. Ýawuz Tekelioglu, Malatýa welaýatynyñ geografiki görkezijiler hasabatynda ikinji hatarda orun alýandygyna ünsi çekip “Erzurumyñ 15, Malatýanyñ 14, Wan welaýatynyñ bolsa 11 sany önümi geografiki görkeziji bolup hasaba alyndy. Malatýanyň häzirki wagtda 17 sany gözden geçirilmegine garaşýan arzasy bar.”-diýdi.

Türkiýäniñ geografiki görkezijileri hasaba alyşda Türkiýäniň çalt öňe gidýändigini nygtan Tekeliogly: “ Ýewropa Bileleşiginiñ häzirki wagtda 1357 sany önümi geografiki görkezijä eýe. Türkiýede geografiki görkezijiler boýunça şäherleriň arasynda uly bäsleşik bar, Gaziantep 68 önimi geografiki görkezijili bolup öňde barýar. Gaziantepiñ 2001-nji ýylyñ 1-nji ýanwaryndan bäri jemi 32 sany önümi geografiki görkezijili bolup hasaba alyndy. 27 agza ýurtly Ýewropa Bileleşiginiñ bolsa şol döwürde hasaba alynan geografiki görkezijili önümleriñ sany 29. Bu geografiki görkezijiler örän möhim”-diýdi.

Tekeliogly, geografiki hasaba almagyň önüme goşmaça baha berýändigini belläp: "Hytaýyň Pinggu şetdalysynyň bahasy hasaba alnandan soň 1,5 ýuandan 4 ýuana çenli ýokarlady. Muña köp sanda mysal berip bileris. Şeýle-de bolsa, munuň amala aşmagy üçin şol ýurtda ideal geografiki görkeziş ulgamy bolmaly we ulgam gowy işlemeli”-diýdi.

Habarlar