turki-ni-goranys-senagatynda-o-e-gidisligi

Türkiýäniñ goranyş senagatynda öñe gidişligi

“Atak” dikuçaryñ Filippinlere gowşurulmagy bilen Türk goranyş senagaty pudagynda uly gadam atyldy. Türkiýe köp ýurda “ Atak” dikuçary eksport etmäge taýarlanýar.

06 Nisan 2022 17:00

“Atak” dikuçaryñ Filippinlere gowşurulmagy bilen Türk goranyş senagaty pudagynda uly gadam atyldy. Türkiýe köp ýurda “ Atak” dikuçary eksport etmäge taýarlanýar.

Türkiýäniñ goranyş senagatynyñ başlygy Ismail Demir, 2 sany “Atak”dikuçary we bir C-295 kysymly ulag uçarynyñ Filippinleriñ goşunyna gowşurylmagy mynasybetli Col Jesus Willamor howa bazasynda guralan dabara gatnaşdy.

Ismail Demir dabarada eden çykyşynda 2018-nji ýylda Türkiýe we Filippinler arasynda” döwletden döwlete resminama” gol çekilendigini ýatladyp şular ýaly resminamalaryñ goranyş senagatyñ öñüni açýandygyny aýtdy. “Döwletden döwlete” resminamasy çäginde köp sanda Türk firmalaryñ Filippinlerde iş alyp barýandygyny belläp geçen Ismail Demir: "ýakyn gelejekde “ Atak” dikuçary ýaly başga harby enjamlar hem öndürülip başlanar. Atak dikuçaryñ eksportyny köpeltmek üçin iş alyp barýarys. Şugünki dabara hem bu nukdaý nazardan ser salanymyzda Türkiýäniñ uzak bir geografiýa eksport eden ilkinji ýurt Filippinlerdir. Bu hem gatnaşyklarymyzynyñ hasam pugtalanmagyna itelgi berer”-diýdi.

Türk awiasiýa we Emeli hemra guramasynyñ baş müdüri Temel Kotil dabarada eden çykyşynda jemi 6 sany dikuçaryñ  2022-nji ýylda Filippinlere   tabşyryljakdygyny habar berdi. “ Atak” dikuçara köp talabyñ bolandygyny nygtan Kotil, Pakkistana satyljak 30 dikuçar üçin eksport ygtyýarynyñ garaşylýandygyny aýtdy.

“Atak” dikuçaryñ synpynyñ iñ gowusy, motorynyñ gaty güýçli we ýarag ulgamlarynyñ bolandygyny belläp geçen Kotil, “ Filippinlerde 6 sany bar, başga döwletde 6 sany bar.enşallah Atak dikuçary Türkiýe üçin düşümli bolar” diýdi.

Türk awiasiýa we Emeli hemra guramasynyñ baş müdüri Temel Kotil eden çykyşynda, Anka, Hürkuş, Gökbeý ýaly harby ulaglaryñ satuwy üçin iş alyp barylýandygyny we ýakyn gelejekde bu harby uçarlaryñ satuwy barasynda habarlar ýaýrajakdygyny aýtdy.

ASELSAN-yñ dolandyryş guramasynyñ başlygy we baş müdüri Haluk Görgün dabarada eden çykyşynda Türkiyäniñ  ýerli mümkünçilikleri bilen öndüren milli harby ulaglaryñ eksport edilmeginiñ soñky döwürde sanynyñ köpelýändigine ünsi çekip bu harby ulaglaryñ hyzmatdaş, dost döwletlere satylmagy bilen täze bir  tapgyra geçilendigini aýtdy.

ROKETSAN-yñ baş müdüri Murat Ikinji eden çykyşynda “ Atak dikuçaryñ ýaraglarynyñ ROKETSAN tarapyndan ýasalandygyny nygtap şugünki gün Türkiýäniñ goranyş senagaty taýdan buýsançly günleri başdan geçirýändigini aýtdy.

Habarlar