turki-ni-ilkinji-zenan-ucarmany-polkownik-sena-guna-84-asynda

Türkiýäniň ilkinji zenan uçarmany polkownik Şenaý Günaý 84 ýaşynda

Şenaý Günaý, ençeme ýyllap howa güýçleriniň şöhratly formasyny göterdi. Ol Türkiýäniň ilkinji uçarman polkownigi boldy.

25 Nisan 2022 14:48

Şenaý Günaý başlangyç we orta mektebi Antakýa şäherinde tamamlady. Soňra Stambul uniwersitetiniň hukuk fakultetini gazandy.

Şenaý Günaýyñ atasy Çanakkale, dogany bolsa Koreýa söweşiñ weteranydy. Ol hem olaryñ ýolundan gitdi. Ençeme ýyllap howa güýçleriniñ şöhratly formasyny geýen Günaý, harby mekteplere gyzlaryñ hem kabul edilmäge başlanandygy habaryny alanyndan soñ 1956-njy ýylyñ 1-nji noýabrynda Izmir şäherindäki howa güýçleri akademiýasyna girdi. Onuñ okan döwrinde diñe 12 sany gyz akademiýada bilim alýardy. Şenaý Günaý 1958-nji ýylyñ 30-njy awgustynda akademiýadan uçurym boldy.

Ol ilki Izmirdäki Howa Uçuş mekdebinde uçarmanlyk we yz ýanyndan bolsa Eskişehirdäki uçar okuwyny tamamlady.

Şenaý Günaý, 1960-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda dünýädäki ilkinji zenan harby uçar uçarmanlarynyň arasynda öz ornuny aldy. Ol indi howa piloty leýtenant Şenaý Çiperdi.

12 zenan diňe 2 ofiser pilot nyşanyny takdy. Şenaý Günaý nemes žurnalynda-da çykdy.

Şenaý Günaý, Ankara welaýatynyñ Etimesgut etrabyndaky 12-nji howa bazasynyň serkerdeligine bellendi. Ulag uçarynyň piloty bolup işledi.

Türkiýäniň ilkinji uçarman polkownigi Şenaý Günaý, howa güýçlerinde 23 ýyl 9 aý 3 gün döwlet gullukçusy bolup işledi. 2 müñden aşa uçar bilen saparlar gurady. 1980-njy ýylyñ 4-nji sentýabrynda pensiýa çykdy.

Türkiýäniň ilkinji uçarman polkownigi Şenaý Günaý,  Etimesgut etrabyndaky Awiasiýa muzeýine aýlanyp gördi.

Şenaý Günaý suratkeşlik bilen hem ýakyndan gyzyklandy. Uçarman polkownik Şenaý Günaýyñ ýaşlara wesýeti: “ Men arzuwlarymy amala aşyrdym. Ýaşlara ýüzlenýän arzuwlaryñyzdan  ýüz öwürmäň”-diýdi.

Habarlar