turki-ni-kosmosa-bak-an-gozi-gundogar-anadoly-obserwatori-asy

Türkiýäniň kosmosa bakýan gözi: Gündogar Anadoly obserwatoriýasy

Erzurum şäherinde orun alýan Gündogar Anadoly obserwatoriýasyna Italiýadan teleskop getirildi. Ini 4 metr bolan teleskopyñ gurnalmagyna iýun aýynda başlanar.

28 Şubat 2021 23:03

Atatürk Uniwersitetiñ üçegi astyndaky Gündogar Anadoly obserwatoriýanyñ gurluşugynyñ 95 göterimi tamamlandy. Italiýadan getirilen teleskopyň mehaniki bölekleri Erzurum şäherine getirildi emma howa şertleri sebäpli wagtlaýyn ammarlarda saklanar. Teleskopyñ bölekleri gar eräp howa gyzansoň, obserwatoriýanyň ýerleşýän ýeri bolan 3 müň 170 metr beýiklikdäki Karakaýa depelerine getiriler.

Gündogar Anadoly obserwatoriýasy, Türkiýe we Ýewropanyñ iñ uly we soñky tehnologiýalar bilen üpjün edileni. Ýerli dizayn we programma eýe bolan teleskop bilen ilkinji gezek infragyzyl gözegçilikler ediler. Ilkinji yşygyñ bolsa şu ýylyň ahyrynda alynmagy meýilleşdirilýär.

Habarlar